Hormatly raýatlar!

22 Noýabr 2022
165

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Sarahs etrap şahamçasy ýurdumyzyň raýatlaryna erkin pul serişdelerini amatly şertlerde ýerleşdirmek üçin Türkmenistanyň milli manadynyň dolanyşyga girizilen güni mynasybetli «Manadym — milli buýsanjym» atly täze möhletli goýumyny hödürleýär.

«Manadym — milli buýsanjym» möhletli goýumy ýyllyk 11% bilen 1 (bir) ýyl möhlete açylýar, şeýle hem goýuma pul serişdeleri nagt we «Altyn asyr» bank kartynyň hasabyndan nagt däl görnüşinde geçirilen ýagdaýynda kabul edilip bilner. Goýumyň iň az möçberi 1000 (bir müň) manatdan başlap, 500 000 (bäş ýüz müň) manat möçbere çenli kabul edilýär.