Halklary ýakynlaşdyrýan miras

19 Aprel 2024
271

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň medeni syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde, beýik türkmen şahyrlarynyň hem-de filosoflarynyň döredijiligi ýurdumyzda we daşary döwletlerde ylmy taýdan çuňňur öwrenilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylyň dowamynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli hem mowzuklaýyn duşuşyklar, forumlar, tanyşdyrylyş dabaralary, beýleki döredijilik çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Türkmen halkynyň durmuş filosofiýasy, däp-dessurlary, ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklary, berkarar, gülläp ösýän döwlet hakyndaky arzuwlary meşhur türkmen şahyrynyň köpugurly şygryýetinde öz beýanyny tapýar. Magtymgulynyň eden arzuwlary häzirki döwürde myradyna gowşup, onuň ynsanperwer pikir-garaýyşlary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgeleri bilen hem sazlaşykly utgaşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda: «Halkynyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr,//Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr» diýip belleýşi ýaly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň edebiýat dünýäsindäki abraýy örän ýokarydyr.

Ylýas GAÝYBOW,
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) baş konsuly.