«Akylly» şäherde ýaşajyk zehinleriň joşguny

19 Aprel 2024
346

Düýn Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň Arkadag şäher tapgyry boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde her ýyl guralýan bu gözden geçiriliş şu ýyl ýurdumyzyň «akylly» şäherinde ilkinji gezek geçirilýär.

Bäsleşigiň baş maksady umumybilim berýän we sazçylyk mekdeplerinde, döredijilik merkezlerinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim alýan we terbiýelenýän zehinli çagalary ýüze çykarmakdan, olaryň zehinine goldaw bermekden, milli aýdym-saz sungatynyň ýörelgeleriniň dowamatlylygyny berkitmekden, ösüp gelýän ýaş nesli ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemekden ybaratdyr. Täze şäherde ilkinji gezek geçirilýän aýdym-saz bäsleşigi bolsa joşgunly konserte öwrüldi. Onda ýaşajyk zehinler ajaýyp sahnada çykyş edip, arzyly arzuwlaryna tarap gadam urmaga mümkinçilik aldylar. Şeýle döredijilik bäsleşikleri synaglardyr başlangyçlar, täze gözlegler üçin meýdança bolup, ýaşlary öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge ruhlandyrýar.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Myrat BAÝRAMOW.