Magtymgulyny gören gözler

18 Aprel 2024
299

Halaç etrabynyň öňki Gyzylaýak, häzirki Magtymguly obasynyň çäginde, Jeýhunyň ýakasynda geçmişden galan meşhur ýadygärlik bar. Oňa «Idris baba medresesi» diýilýär. Taryhymyzyň örän gymmatly sahypalarynyň şaýady hökmünde onuň belli bahasy ýokdur. Bu keramatly ýere geçmişiň täsin binasy bilen tanyşmak, ýagşy doga-dilegleri aýtmak üçin ýörite zyýarata gelýänler, ýol ugruna sowulýanlar hem az däl. Asyrlaryň dowamynda ol ýere iň ylymly, iň parasatly kişileriň demi düşüpdir, yhlasy siňipdir. Medresäniň dörtburç görnüşli bölegi we onuň öňündäki dört sütünli bassyrmasy häzire çenli abatlygyny saklapdyr. Hamana, «Geçmişiň gymmatly mirasyndan nesiller habarly bolsun!» diýlen ýaly, ala-böle medresäniň şu täsin binasy ýakyn töweregi bilen howplardan aman galypdyr.

Bu ýerdäki garry tutdan hem bir keramat gözleýärler. Onuň daşyndan birnäçe gezek aýlansaň, dişagyryň bolsa-da gutulýarsyň» diýýärler. Onuň ýanynda durup, ýagşy doga-dilegler edýärler. Bu tuda «Idris babanyň eken tudy» diýýänlerem, «Nyýazguly halypanyň eken tudy» diýýänlerem bar. «Magtymgulyny gören tut» hem diýýärler. Idris babanyň bu medresäni gurduran ýyllaryny, Nyýazguly halypanyň onda sapak beren döwrüni ýatlalyň. Magtymgulynyň bu medresä maňlaýyny diränine-de üç asyra golaý wagt geçipdir. Alymlaryň aýtmagyna görä, tut agajy 300 ýyl dagy ýaşaýar. Eýsem-de bolsa, Köýtendagdaky garry tutlara ol ýeriň ilaty has uzak ýaş — 1 müňe golaý ýaş berýär.

Akmyrat HOJANYÝAZ.