Pyragy we Gurt Ýakup

18 Aprel 2024
260

Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň kalbynda ebedi orun almagynda onuň goşgularyny tutuşlaýyn ýat tutup, märeke sowmagy başaran adamlaryň, şeýle-de “magtymguluçy bagşylaryň” orny uly bolupdyr. A.Wamberi Magtymgulynyň şygyrlaryny aýdyma öwrüp, goşa taryň gapdaly bilen halka ýetirýän bagşylary diňlemegiň türkmen üçin hakyky baýramçylykdygy barada ýazypdyr. Munuň özi, bir tarapdan, halkyň Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna, şeýle-de aýdym-saz sungatyna çuňňur söýgi-yhlasyny beýan etse, başga bir tarapdan, bagşylaryň akyldar şahyryň goşguly dünýäsini halka ýetirmekdäki ägirt uly ornuna berilýän beýik bahadyr. Çünki owaza garylyp halka ýetirilmegi Magtymgulynyň şygyrlaryna goşmaça ganat beripdir. Türkmeniň magtymguluçy bagşylarynyň bolmagyny bolsa şahyryň şygryýetine ýöne bir poeziýadan has beýik derejede garalandygy bilen düşündirmek bolar. Şeýle magtymguluçy bagşylaryň biri-de ussat Gurt Ýakubowdyr.

Gurt Ýakubow diýlende, ilki bilen, onuň özboluşly röwüşde ýerine ýetiren «Gülpam», «Hatamtaý» dessanlary göz öňüňe gelýär. Munuň özi Gurt aganyň ýerine ýetirijilik ussatlygynyň köpgyraňlydygyny görkezýär. Ýöne ussadyň hemişe Magtymguly Pyragynyň dünýäsinde ýaşandygyna ol baradaky ýatlamalary okanyňda ýa-da diňläniňde has aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ussadyň Pyragynyň iň bir köp bogunly goşgularyny täze, hiç kimiňkä meňzemeýän labyzda ýerine ýetirendigi aýratyn söhbet etmäge mynasypdyr.

Magtymguly Pyragy.