Howa maglumaty

26 Fewral 2024
315

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty:

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... -7 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +13 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +3... +8 gradus maýyl bolar.