Arşa galdyň, şahyr, Arkadag bilen! (Magtymguly Pyraga)

22 Fewral 2024
435

Ykballaryň açylşynda çäredir,
Bagta garaşylsa, wagt känedir.
Gadyr goýulmasa, ömür nämedir?!
Arşa galdyň, şahyr,
                                    Arkadag bilen!

Danaň dabarasy daglardan ötdi,
Ismiňi gojaman äleme eltdi.
Ogly bize beren atalar mertdi,
Arşa galdyň, şahyr,
                                    Arkadag bilen!

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.