Ýürek buýsanjy

9 Dekabr 2023
677

Diýar

Ýer ýüzünde dost-doganly, heňňamlaryň şöhraty sen,
Jahan içre at-abraýly, pederleriň yhlasy sen,
Ak ýollaryň bedew batly, zamananyň ýalkymy sen,
Meger, Arşyň nury birle mähire eýlenen, Diýar,
Garaşsyz, Bitarap bolup, dünýäde saýlanan, Diýar.

Döwletmyrat TEJENOW