Şygryýet bossany

9 Dekabr 2023
485

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» —
Buýsanç bilen garşy alan ýylymyz.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar —
Watanmyzy has nurana geljege,
Alyp barýan ynam, synmajak güýçler.
Eýerip ýoluna, ýörelgesine,
Hünär beren ussadyna sadyklar.
Mähriban ýurduna, eziz iline,
Ojagyna, kesp-kärine aşyklar.
Aýdyň ertirleriň röwşen şuglasy,
Berekediň dolup-daşyp çogmasy.
Älemiň, Zeminiň, ummanlaň syryn,
Özleşdirýän ýaş alymlar, talyplar.
Şeýdip, tutýan ylym-bilimden gorun,
Asman, deňiz, polat, gara ýollarny,
Külterleýän hünärine ezberler.
Ýurt goragy ýaly belent borçlarny,
Ak ýürekden berjaý edýän esgerler.
Hasyl alýan daýhan, önüm öndürýän —
Telekeçilerdir Watan gaznasy.
Sungat ussatlary, mugallym, lukman,
Ýurt üçin jan aýamaýan, mahlasy.
Söwda ýodalarna ot bitirmeýän,
kerwenbaşylary agyr kerwenleň.
Altyn-kümüş medallary eýeläp,
Ýaşyl Tugy pasyrdadýan türgenler...
Garaz, olaň mäkäm badaşyp bagry,
Watan — ýüzük bolsa göwherden gaşlar —
Has-da güllediň siz berkarar ýurdy,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar!

Maksatmyrat ATABALOW