Innowasion tehnologiýalar — ösüşe tarap ýol

8 Dekabr 2023
591

Eziz Diýarymyzda milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak wezipesine hem uly üns berilýär. Biziň zähmet çekýän ylmy-önümçilik merkezimiz hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa biziň alyp barýan işlerimiziň ýokary derejesini üpjün edýär.

Bilşimiz ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara ülňülere laýyk gelýän sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy önümçilik serişdelerini, ýokary öndürijilikli tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistan iň täze nusgadaky kompýuter hem-de telearagatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ulgamy yzygiderli ösdürmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda möhüm çözgütleriň biri boldy. Konsepsiýanyň baş maksady ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmegine kuwwatly itergi berjek öňdebaryjy sanly ulgamlary kemala getirmekden, sanly hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmakdan, sanly maglumat gorlarynyň ýurdumyzyň islendik künjeginde elýeter bolmagyny üpjün etmekden, sanly ulgamyň düzümlerini we işleýşiniň hilini maksadalaýyk kämilleşdirmekden, ahyrky netijede, ähli pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny düýpli pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Perhat GURBANOW,
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň esasy ylmy işgäri.