Ýüreklere ýol salan akyldar

8 Dekabr 2023
422

Ata Watanymyz bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan döwletlerde bilelikdäki medeniýet-sungat hepdelikleriniň, şeýle-de akyldar şahyrymyzyň döredijiligine bagyşlanýan ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilmegi dünýä jemgyýetçiliginiň türkmen sungaty, ynsanperwerligi, parahatçylyk söýüjiligi, däp-dessurlary, taryhy bilen tanyşmagyna giň mümkinçilik döredýär. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pederlerimiziň pähim-paýhasyna, milli ýörelgelere esaslanýan ynsanperwer syýasaty durmuşa işjeň ornaşdyrýar. Adalatlylyga, halallyga, abadançylyga daýanýan bu syýasatyň içinden dana Magtymgulynyň şygyrlarynyň many-mazmunydyr arzuwlary hem eriş-argaç bolup geçýär. Hut şonuň üçin-de, akyldaryň parasada eýlenen goşgulary adamzada bagtyýarlygy bagyş edýär.

Dünýä alymlary hem Magtymguly Pyragyny Gündogaryň beýik akyldary hökmünde hormatlap, onuň edebi döredijiligine düşünmek, akyl ýetirmek üçin köp işleri alyp bardylar. Olar türkmen şahyrynyň giň dünýägaraýyşlylygyna, çuň manyly hem-de köptaraply pelsepewi pikirlerine haýran galmak bilen, onuň döredijiliginde ylmyň ähli ugurlary boýunça gymmatly maglumatlaryň jemlenendigini nygtapdyrlar. Daşary ýurtly alymlaryň biriniň: «Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düşünmek üçin, ilki bilen, türkmen bolup dünýä inmeli we ýaşamaly diýýärdim. Ömrüni bu akyldaryň döredijiligini öwrenmäge bagyş eden ägirt-ägirt ýerli alymlaryň hem az däldigine göz ýetirenimden soň, pikirimi düzetmek isledim. Onuň ýeke goşgusyna hem düşünmek üçin diňe şahyryň özi ýa-da ähli barlygyň ýürek bilen aň bitewüligi bolmaly eken» diýip beren bahasy-da, nusgawy şahyrymyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň näderejede belentdigini delillendirýär.

Muhammetkuly ÇARWAÝEW,
TKA-nyň Akdepe etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.