Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Onuň Alyjenaby, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň aradan çykmagy zerarly Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gynanç hatyny iberdi. “Goý, Gudraty Güýçli Allatagala şu agyr pursatda Size we maşgala agzalaryňyza ruhy durnuklylyk, sabyrlylyk bersin!” diýip, hormatly Prezidentimiz dileg etdi hem-de merhumyň maşgala agzalaryna, ýakynlaryna, Kuweýt Döwletiniň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Katar Döwletiniň Emirini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Gahryman Arkadagymyz hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi we onuň geljekde-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Kuweýt Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Onuň Alyjenaby, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Hatda bellenilişi ýaly, Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabah köp ýyllaryň dowamynda dürli wezipelerde işlemek bilen, Kuweýt Döwletiniň ösmegine uly goşant goşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň, telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary öz hatlarynda Türkmenistanyň BMG-niň degişli Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň döwletara gatnaşyklarda, aýratyn-da, halkara parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini belleýärler. Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimizi şanly baýram bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür, egsilmez güýç-kuwwat, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan M.Mämmedowa, A.Şamyradow, A.Aşyrow, A.Hudaýberdiýew, M.Gazakbaýew gutladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biziň halklarymyzy köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny bellemek guwandyryjydyr. Gazagystan Türkmenistanyň ygtybarly dosty hem hyzmatdaşy bolup gelýär. Biziň hyzmatdaşlygymyz ýokary derejedäki yzygiderli saparlaryň netijesinde pugtalanmagyny we ösmegini dowam etdirýär. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar dürli pudaklary, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni, bilim, ulag we beýleki ugurlary öz içine alýar. Biz halklarymyzyň bähbidi üçin mundan beýläk-de özara düşünişmegi pugtalandyrarys we ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňelderis” diýlip, hatda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Türkmenistan Bahreýn Patyşalygy bilen doganlyk gatnaşyklara uly ähmiýet berýär” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi hem-de hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. “Gazagystan Garaşsyzlygynyň ösüş ýyllarynda döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde we halkynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly işleri bitirdi. Häzirki döwürde bu ýurt dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen, ynamly öňe barýar. Men Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Siziň ýurduňyza amala aşyran saparymyň çäklerinde Astana şäherinde geçiren duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Gepleşiklerdäki açyklygyň, ynanyşmagyň ýokary derejesi taraplaryň Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek baradaky üýtgewsiz islegleriniň bardygyny görkezdi” diýlip, hatda bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Bahreýniň Patyşasyny gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa we ýurduň ähli halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Patyşa Hamad bin Isa Al Halifa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ähli asylly başlangyçlarynda Gudraty Güýçli Allatagalanyň oňa medet bermegini, Bahreýn Patyşalygynyň doganlyk halkyna bolsa döwlet Baştutanynyň parasatly ýolbaşçylygynda öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, diplomatlaryň, ýurdumyzyň raýatlarynyň gutlag hatlarynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ýokary döredijilik, watançylyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda bedew bady bilen ösüşleriň belent sepgitlerine tarap ynamly öňe barýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gutlaglary iberenler döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýan, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, Apostol nunsiaturasynyň medeniýet meseleleri boýunça atta

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar, ýurdumyzyň raýatlary öz hatlarynda Türkmenistanyň döredijilik, watançylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny nygtaýarlar. Şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň yzygiderli ösdürilýändigi, Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň has-da belende galýandygy bellenilýär. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň işgärleriniň adyndan M.Çakyýew, G.Akmämmedow, A.Atamyradow, A.Kösäýew, H.Hudaýgulyýew, D.Saburow gutladylar.