Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hijri-kamary senenamasy boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Müsür Arap Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan hijri-kamary hasaby boýunça täze — 1446-njy ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Bu mübärek günlerde Beýik Biribardan ähli musulman ymmatyna parahatçylyk, abadançylyk dileýärin. Şeýle hem täze ýylyň biziň halklarymyz üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona we ýurduň ähli halkyna Fransiýa Respublikasynyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Fransiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine

Hormatly hasyl ussatlary! Merdana gallaçy babadaýhanlar!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.M.Orazdurdyýewa hakynda

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz boýunça galla öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilip, 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýetişdirilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň ösüşleriň aýdyň ýolunda mundan beýläk-de öňe gitmegi, türkmen halkynyň bagtyýar, asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwletli işleriňiziň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Resmi habarlar

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, ýustisiýanyň geňeşçisi Begmyrat Nurýagdyýewiç Garryýew Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine;

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna gallaçy daýhanlarymyzyň gazanan uly zähmet ýeňşi mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Olar Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Hatlarda bu zähmet ýeňşiniň döwlet Baştutanymyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýurdumyzda öndürilýän bugdaý hasyly bilen içerki bazaryň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmagyň hasabyna azyk garaşsyzlygyny gazanmak babatda öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidigi bellenilýär. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimizi türkmen ekerançylarynyň bu ajaýyp üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar we berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňize hijri-kamary senenamasy boýunça Täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, abadançylyk, ähli musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk we rysgal-bereket dileýärin.