Ilat ýazuwy – ýagty geljegiň kepili
Islendik bir döwletiň dünýä arenasyndaky eýeleýän orny belli bir derejede onuň ilatynyň hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen kesgitlenilýär. Ýurduň ähli ýerinde halkyň ýaşaýyş şertlerini anyklamakda, durmuş goraglylygyny üpjün etmekde we has-da gowulandyrmakda bolsa yzygiderli geçirilýän ilat ýazuwlary uly ähmiýete eýedir. Ilatyň demografik düzümi, sany hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almak maksadyny nazarlap, geljek 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler. Munuň özi döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin ygtybarly binýady goýmaga mümkinçilik berer.