"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Hormatly agza

Olimpiadanyň medalynyň eýesi Polina Gurýewa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Hormatly agzasy» diýen at dakyldy hem-de degişli şahadatnama gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýaşlar bilen geçiren okuw sapagynda: «Sport ynsany beden we ruhy taýdan taplaýan, dünýägaraýşyny kämilleşdirýän gymmatlykdyr. Bedenterbiýä we sporta biz jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç hökmünde garaýarys. Şundan ugur alyp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürýäris. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport desgalaryny, stadionlary, atçylyk-sport toplumlaryny, ýöriteleşdirilen sport mekdeplerini gurduk. Gözel paýtagtymyzda bolsa özboluşly Olimpiýa şäherçesini döretdik. Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz Olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Şu ýylyň iýul-awgust aýlarynda türgenlerimiz sportuň birnäçe görnüşi boýunça Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna işjeň gatnaşdylar. Biziň agyr atletikaçy türgenimiz Polina Gurýewa bolsa bu Oýunlarda üstünlikli çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy we ýurdumyza uly abraý getirdi» diýip, sportda ýetilän sepgitlerden söz açdy.

Ýeriň dartyş güýjüni ýitiren güni

Uly toýlarda göreş tutulanda obanyň atly pälwany orta çykar. Ýeňijiniň baýragy belli ediler. Onsoň jarçynyň «Kim çykýar orta?» diýen sesi ýaňlanar. Şol pursat aýdylyşy ýaly, gulagyňy deşip barýan ümsümlik aralaşar. Meniň ýadyma Mazy ahunyň «Tiz kömekde» işleýän ogly Kömek ýadyma düşýär. Hakydamda orun alan toýda onuň bil tutuşmaly adamy etraby baglan pälwandy. Gujurly goluna göwni ýetýän pälwan ony gamak ýaly ýerden göterip aýlady-dolady. Şol pursat Ýer özüniň dartyş güýjüni ýitirene dönüpdi. Sebäbi Kömek pälwan aýagyny ýere goýandyryn öýdýärdi, ýene çepiksi göwre tüweleýiň demine düşen ýaly bolup, al-asmanda galgap gidýärdi. Iň soňunda hem Öwez mugallymyň sözleri bilen aýtsak, içden çilşirip, Kömek pälwan baş baýragy aldy. Altymyrat Orazdurdyýewiň sport «sahnasyna» çykan mahaly etraby däl, yklymy, dünýäni baglan men-men diýen pälwanlar oňa agyr mähelläniň Kömek pälwana garaýşy ýaly nebsagyryjylyk bilen garapdy. Emma soňlugy bilen uly zaly dolduryp oturan mähelläniň, megerem, atly-haýbatly çempionlara haýpy gelen bolsa gerek. Sebäbi kuwwatly gollarynyň gujury bilen adyny-owazasyny dünýä dolduryp, ýedi yklyma maglum bolan ezber türgenler dünýä we yklym ýaryşlarynyň baýrakly orunlarynyň eýeleridi.

Olimpiadanyň ilkinji medaly

TOKIODAN MEDAL BILEN GAÝDYP GELEN POLINA GURÝEWA ŞA SERPAÝY GOWŞURYLDY 2021-nji ýylyň 21-nji awgustynda Tokio Olimpiadasynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow Şa serpaýyny (ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýy, «Lexus LX570 Sport Plus» ýeňil awtoulagy we 50 müň amerikan dollary möçberinde pul sylagy) gowşurdy. Şeýle-de, P.Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen at dakyldy.

Aziýada guralan sport baýramy tamamlandy

OLIMPIADANYŇ AÝRATYNLYKLARY Täk ýylda guralan Oýunlar Tokio Olimpiadasy guramaçylaryň özlerine bagly bolmadyk sebäplere görä, bir ýyl yza süýşürilip, taryhda ilkinji gezek tomusky Olimpiýa oýunlary täk ýylda geçirildi.

Türkmen sportunyň wekillerini hormatlamak dabarasy

2021-nji ýylyň 21-nji awgustynda türkmen paýtagtyndaky Olimpiýa şäherçesinde Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň

Türkmenistanly agyr atletikaçylaryň halkara ýaryşlarynda gazanan medallary

1989. Fort Loderdeýl Ýetginjekleriň dünýä çempionaty. Türkmen agyr atletikaçysy Altymyrat Orazdurdyýew ABŞ-da ýetginjekleriň arasynda dünýä çempiony boldy.

Şa serpaýly hünärmenler

Güýçgeldi HOJAMYRADOW, Aşgabat şäher Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi:

Zeminiň bezegi – tebigatyň zynaty gögerçin

Ümür basan çyplak sähraň üstünden Gögerçinler çapak çalyp geçdiler.

Ösüşiň täze basgançagy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady derejesini ýokarlandyrmakda taýsyz tagallalar edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalaryny iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllar aralygynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy. Konsepsiýadan gelip çykýan ygtybarly işleriň bellenen tapgyrlarda durmuşa geçirilmegi, milli ykdysadyýetimizi sanly ykdysadyýete geçirmekde basgançak bolup hyzmat eder. Häzirki wagtda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ýaýrawlaryna sanly tehnologiýalaryň aralaşmagy gitdigiçe güýçlenýär. Sanly ykdysadyýet ýurduň ýangyç-energetika, ulag, oba hojalygy, söwda, bilim we mundan başga-da birnäçe pudaklarynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Sanly ykdysadyýet onlaýn tehnologiýalara esaslanýan we dolanyşykda işjeň gurallary talap edýän önümçilik, paýlamak, alyş-çalyş ýaly tapgyrlaryň esasynda döreýän gatnaşyklaryň jemidir. Onlaýn tehnologiýalary Web 1.0, 2.0, 3.0, 4.0 nesilleriniň tehnologiýalary bolup, internet ulgamynda kommunikasiýalary amala aşyrmagy ýeňilleşdirýär we sanly önümleriň täze görnüşlerini ösdürmäge ýardam edýär.

Sanly ulgamyň sansyz mümkinçilikleri

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Sanly ulgama geçilmegi bilen Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «www.metbugat.gov.tm» saýty hereket edip başlady. Bu saýt birnäçe bölümden ybarat. «Garaşsyzlyk», «Gazetler», «Žurnallar», «Kitaplar», «Hyzmatlar» ýaly bölümleriň her biriniň birnäçe mümkinçiligi bar. Saýtyň «Garaşsyzlyk» sahypasyndan döwürleýin neşirlerde çap edilýän makalalary, günüň wakalaryny okap bolýar. Saýtyň «Gazetler» we «Žurnallar» bölümlerinde ýurdumyzda çapdan çykarylýan neşirleri ýükläp alyp bolýar.

Pasyl çalşygynda saglygyňyza ünsli boluň!

Pasyl çalyşýan döwürde adamlaryň birnäçesi işjeňliginiň peselýändigini, işdäsiniň kesilýändigini aýdýarlar. Munuň sebäbi howanyň ir ertir, giç agşam salkyn şemally, çigrekli, gündizine bolsa yssy bolmagy, ýagny howanyň üýtgäp durmagy bilen düşündirilýär. Şu zatlary göz öňünde tutup, howa çalyşýan döwürde adamlaryň öz saglygyny goramaklary üçin käbir maslahatlary ýatladýarys. Sport bilen yzygiderli meşgullanýan adamlarda kesele garşy göreşmek ukyby ýokary bolýar. Şonuň üçin adamlaryň arassa howada gezelenç etmekleri, sport maşklary bilen meşgullanmaklary möhümdir.

Arassaçylyk — saglyk

Arassaçylyk sagdynlygyň girewidir. Ynsanyň iň uly baýlygy bolsa saglykdyr. Şonuň üçinem arassaçylyk düzgünlerini yzygiderli we dogry berjaý edeliň! Çünki saglygymyzy goramak, ozaly bilen, özümize baglydyr. Munuň üçin ilkinji nobatda agyz-burun örtüklerini dogry ulanmalydyrys. Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dogry ulanmak bizi köpsanly kesellerden goramak bilen bir hatarda daş-töweregimizdäki adamlara hem dürli keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alýar.

Dünýäň dardyr sagat janyň bolmasa...

Arassaçylyk düzgünleriniň ýönekeý kadalary berjaý edilende, birnäçe keselleriň, hususan-da, ýiti respirator keselleriniň öňüni alyp bolýar. Ýurdumyzda arassaçylyk düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegi, şeýle-de, möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüniň alynmagy üçin yzygiderli alada edilýär. Möwsümleýin duş gelýän ýiti respirator kesellerinden goranmak üçin üsgüreniňizde, asgyranyňyzda agzyňyzy we burnuňyzy bir gezek ulanylýan elýaglyk bilen ýapmaly. Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwup durmaly. Agyz-burun örtüginiň bir gezeklik ulanylýan görnüşi 2 sagatdan hökman çalşylyp durulmalydyr. 2 metr araçägi saklamalydyr.

Gorar sizi elmydam, agyz-burun örtügi

Dürli kesellerden goranmak we sagdyn bolmak, ozaly bilen, her bir adamyň özüne baglydyr. Munuň üçin ýönekeýje arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek ýeterlikdir. Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek bilen saglygymyzy goraýarys. Ellerimizi ýygy-ýygydan ýuwmak birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Çünki dürli kesel dörediji wiruslardyr bakteriýalar ellerde toplanýar we ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Hut şonuň üçin hem elleri mydama sabyn bilen ýuwmalydyrys.

Saglyk her bir adamyň ýaşaýşynyň gözbaşydyr

Jemgyýetde, durmuşda, işinde we maşgalasynda, zähmetde we dynç alşynda çäksiz mümkinçilikleri berýän saglyk ynsan bagtynyň özeni bolup durýar. Şonuň üçin hem saglyk bilen bagly aýdylan dana sözleri siziň dykgatyňyza ýetirýäris. — Saglyk diňe bir beden güýji däl-de, eýsem ruhy merhemetlilikdir.

Lukman maslahat berýär

ÖRTÜK Örtükler lukmanlar agyz-burun örtükleriniň kesellerden goranmagyň ygtybarly serişdeleriniň biridigini nygtaýarlar.

«Özüňi bilmek we özgeleri tanamak»

Ýaradylmaýan her bir zadyň meýilnamasynyň we düzgünnamasynyň esaslandyryjysy ynsandyr. Ýöne ynsanyň hem meýilnamasy we düzgünnamasy bardyr. Ynsan ýaradylan barlyk bolanlygy sebäpli onuň hakyky meýilnamasyny we düzgünnamasyny ynsan esaslandyrýan däldir. Ynsanyň hakyky meýilnamasyndaky esasy maksady bagtyýar bolmakdyr. Bagtyýar bolmagyň ýerine ýetirilmeli düzgünnamasy bolsa özüňı tanamakdyr. Ynsanyň esasy maksady näme?! Daş-töweregimizde görýän her bir zadymyzyň iň ýönekeýjesinden iň çylşyrymlysyny, iň kiçisinden ulusyny tutuň, çünki ählisiniň ýaradylmazdan, döredilmezden, gurulmazdan, öndürilmezden, ýetişdirilmezden we amal edilmezden öňürti her biriniň hakyky meýilnamalary düzülýändir. Bu hakyky meýilnamada şol zadyň esasy maksady, ähli meýilleri we jikme-jikleri bilen baglanyşykly ähli sowallara jogap tapyp biljegimiz şol zadyň bar boluşyndan soňuna çenli ähli ýagdaýlarynyň maglumatlary ýer alýandyr. Munuň bilen birlikde her bir zadyň maksadyna laýyk ulanylmagy we näsazlyklaryň ýüze çykmazlygy üçin düzgünnamasy hem dilden, hem ýazmaça beýan edilýändir. Bu hakykydyr, hakykatdyr. «Ýok, hakyky däl» diýýänleriňkem dogrudyr. «Dogry bilen hakykatyň arasynda näme tapawut bar?» diýseňiz, dogry hadysa, kişä, döwre görä üýtgäp biler, tapawutly, hatda gapma-garşy hem bolup biler. Ýöne hakykat welin kişä, döwre görä üýtgemeýär.

Psihologiki emeller

Isleýän zadyňa eýe bolmak, gerekli adamlar bilen tanyşmak hem-de olar bilen gowy gatnaşyk saklamak üçin gürrüňi dogry alyp barmak zerurdyr.Munuň üçin psihologiýa iň gowy kömekçiňiz bolup biler. Şonuň üçin hem şu sahypamyzda psihologiki emelleriň birnäçesi bilen tanyşdyrýarys. Adamlar özara gürleşenlerinde, adatça, biri-biriniň hereketlerini gaýtalaýarlar. Bu olaryň sözleriniň alyşýandygyndan we biri-biriniň aýdýan zatlaryny goldaýandygyndan habar berýär. Eger-de gürrüňdeşleriň biri beýlekisinden «ýapylyp» duran bolsa, bu onuň aýdylýan sözlerden nägiledigini ýa-da söhbetdeşine ynanmaýanlygyny aňladýar. Bu usuly öz peýdaňyza hem ulanyp bilersiňiz, eger-de siz bir adam bilen gowy gatnaşyk saklamak isleýän bolsaňyz, onda gürrüňdeş bolanyňyzda onuň hereketlerini gaýtalaň.

Sport psihologiýasy

Sport psihologiýasynyň ylym taýdan öwrenilip başlanmagy XIX asyryň ahyryna XX asyryň başlaryna degişlidir. Häzirki zaman sportuň we sport baradaky ylmyň ösüşine köp halatlarda täzeden dikeldilen Olimpiýa oýunlary ýardam berdi. Onuň täzeden dikeldilmegi baron Pýer de Kuberteniň ady bilen baglanyşyklydyr. Pýer de Kuberteniň başlangyjy esasynda 1894-nji ýylda Parižde Halkara sport Kongresi we 1896-njy ýylda bolsa Gresiýa döwletiniň Afina şäherinde I Olimpiýa oýunlary geçirilip başlandy. XX asyryň başlaryndan tä birinji jahan urşy döwrüne çenli aralyk sport psihologiýasynyň ösüşiniň iň wajyp döwürleriniň biri bolup, bu döwürde onuň gurluşy, esasan hem, beýleki ylymlardan bölünip aýrylmagy we öwrenýän meselesiniň kesgitlenmegi emele gelipdi. Olaryň içinde beden terbiýesiniň we sportuň nazaryýetiniň özara gatnaşyklarynyň meselesiniň öwrenilip başlanmagydyr.

Türkmenistan «EKSPO-2020» halkara sergisine gatnaşýar

Üstümizdäki ýylyň 22-nji sentýabrynda türkmen tarapynyň wekilleri «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylar boýunça utgaşdyryjysy Omar Şehadeh bilen onlaýn duşuşyk geçirdiler. Olar Türkmenistanyň wekiliýetiniň çärä gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky giň gerimli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler we döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň nukdaýnazaryndan «EKSPO-2020» halkara serginiň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.