"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Magtymguly, sözlär tili türkmeniň

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Abadan hem eşretli durmuşyň gözbaşy mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolan türkmen halky milli Liderimiziň baştutanlygynda merdana pederlerimiziň, ruhy sütünlerimiziň biri bolan Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň milli we ruhy mirasyny ylmy  esasda öwrenmekde we dünýä ýaýmakda tutumly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň  taýsyz tagallasy we goldawy netijesinde geçmişiň belli alymlaryna, şahyrlaryna bagyşlanyp halkara ylmy maslahatlar geçirilýär. Olaryň eserleri dürli dillere terjime edilýär. Türkmeniň taryhynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň biri hem Magtymguly Pyragydyr.

Milli oýunlarda çaga terbiýesi

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Her bir halkyň, milletiň öz döreýiş taryhy kökleri bar. Türkmeniň asyrlaryň çuňundan gözbaş alýan baý taryhynyň hem bolmagy onuň gadymylygyndan habar berýär. Türkmeniň taryhy köklerine nazar aýlanymyzda, onuň döreden milli oýunlaryna uly ähmiýet berilýändigine göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyz hem öz kitaplarynda milli oýunlarymyzyň ähmiýetini, çaga terbiýesine, şeýle-de bedeniniň ruhy we fiziki taýdan kämil bolup ýetişmeginde aýratyn ornunyň bolandygyny taryhy wakalaryň, ylmy subutnamalarynyň üsti bilen açyp görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynyň «Halk oýunlary – gözellik we milli edep mekdebi» atly bölüminde «Aşyk oýny», «Altyn gabak», «Çowgan», «At çapyşygy», «Göreş», «Ak süňk», «Aýterek-günterek», «Keçe-keçe», «Ýaglyga towusmak» ýaly oýunlaryň atlary agzalyp, olaryň türkmeniň ruhy güýjüniň aýrylmaz binýady bolan nesil terbiýesinde watanparazlyk, ygrarlyk ýaly duýgulary ýüze çykarmakda ähmiýetiniň uludygy beýan edilýär. Şeýle-de «Düzzüm» «Içýanagzy», «Aşyratdy», «Üçböküm», «Takylatdy», «Lukur», «Peçiz», «Bäş daş», «Çilik-hekgal», «Bukuldym», « Çürrük kesdi», «Telpek goýdy», «Taýak dikdi» ýaly ençeme oýunlaryň ady agzalyp,  bularyň ählisiniň çaga hereketleriniň çeýeligini, ýyndamlygyny we ugurtapyjylygyny ýitileşdirip, oýunlaryň üsti bilen pikirleniş ukyplarynyň hem ösýändigi aýdylýar.

Möhüm wakalar

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 30.09.2021. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Sagadyň dilleri

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 GATNAŞÝANLAR: Ejesi; Mahym; Sagadyň sagat görkezýän peýkamy; Sagadyň minut görkezýän peýkamy; Sagadyň sekunt görkezýän peýkamy; Oýnawaç Aýazbaba; Oýnawaç Garpamyk; Oýnawaç Güjük; Oýnawaç Robot;

RUHUBELENTLIGIŇ GÖZBAŞY

Saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport, syýahatçylyk döwletimiziň syýasatynyň möhüm ugurlary bolup, olar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş  derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Sport  bilen meşgullanmak adamy sagdyn durmuşa, ruhubelentlige, kämillige, beýik sepgitlere, öňde goýan maksadyna ýetmäne uly itergi berýär. Ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmäge, onuň maddy-enjamynyň binýadyny döwrebaplaşdyrmaga hem-de jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalary  durmuşa geçirmekde  hormatly Prezidentimiziň  baştutanlygynda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny buýsanç bilen bellemelidiris. Her bir adamyň sagdyn bedenli bolmagy ugrunda  uly aladalary edýän milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesini  durmuşa geçirmäge, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty ösdürmäge, olaryň uly üstünliklere ýetmegi ugrunda tagallalary edýär.

Segsen ýaşly futbolçy

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Baýram Gutlyýewiň ömrüni futbolsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin ýaşyl meýdança onuň gününiň köp bölegini geçirýän ýeri. Ol bu ýerde özüni edil öz öýündäki ýaly rahat duýýandygyny aýdýar. Şonuň üçin halypany, köplenç, şol ýerde – futbol meýdanynda, çagalara kä hüjümdir goragy, käte derwezeçi oglanjyga nirede, nähili durmalydygyny öwredip duran ýagdaýda görmek bolýar. Bir görseňem, ol çagalara nämedir bir zady janygyp düşündirip durandyr. Şonda halypa futbol meýdanyna girip, topy derwezä tarap özi alyp gidäýjek ýaly görünýär. Ony hemmeler manyly ömrüni futbola bagyş eden, ýaşy bir çene baryberse-de, işe juwanlyk hyjuwy bilen ýapyşýan kiçigöwünli adam hökmünde tanaýar.

Sport we şygryýet

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Şahyr Öre Daşgynowyň döredijiliginde sport dünýäsine degişli goşgular özboluşly orun eýeleýär. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türgenler  sportuň 21 görnüşinden ybarat bolan bäsleşiklere gatnaşdylar. Şahyr şol meşhur oýunlaryň 21-sine bagyşlap, goşgular toplumyny döretdi. Rus diline terjime edilen şol şygyrlaryň birnäçesini  asyl nusgasy bilen bilelikde okyjylaryň dykgatyna ýetirýäris.

Sport we ýaşlar syýasaty

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 USSATLYK MEKDEBI

Täze ýyldan söhbet açýan materiallar

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 TÄZE ÝYLYŇ ŞOWHUNY

Türkmenistan we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Türkmenistan abraýly halkara we sebit guramalary bilen giň hem-de köpugurly gatnaşyklary alyp barýar. Şeýle guramalaryň biri-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasydyr.

Türgenleriň ene-atalaryna 10 maslahat

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 1. Sportuň çagalaryňyz üçin laýyk görnüşini saýlaň!

Ykdysady maglumatlar

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 YKDYSADYÝET HAKDA MAGLUMATLAR

Kwintilian formulasy ýa-da habary emele getirýän sowallar hakynda söhbet

Rimde ýaşap geçen ylym eýesi Kwintilian ritorika bilen meşgullansa-da, žurnalistikanyň teoriýasyna mynasyp goşandyny goşupdyr. Ol islendik wakanyň bolup geçmegine sebäp bolýan ýagdaýlardan söhbet açyp, onuň birnäçe sowala jogap bolmalydygyny aýdýar. Şol sowallar aşakdakylardan ybarat: – Kim etdi?

Žurnalistika we psihologiýa

Žurnalistika psihologiýa ylmy bilen berk baglanyşyklydyr. Halkyň aýratyn alnan şahsyýetiniň psihologiýasynyň wakanyň dowam edýän ýeriniň ýagdaýy bilen sazlaşygyny gazanmak žurnalistiň üns merkezinde bolmaly. Žurnalist jemgyýetiň, wakanyň, adamlaryň psihologiýasyny we olaryň öz döreden tekstine bolan gatnaşygyny öwrenmezden, kämil eser döredip bilmez. Žurnalistiň öwrenýän we beýan edýän pikir ýordumy onuň obýektiniň psihologiýasyna baglylykda ýüze çykýar. Netijede, žurnalistikada adamlaryň häsiýeti we olar bilen gatnaşyklaryň psihologik aýratynlyklary esasy meseleleriň biridir.

Ylgaw bilen yzygiderli türgenleşmek...

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Täze  Zelandiýada 1961-nji ýylda ýeňil atletikaçylaryň çäginde dünýäde ilkinji bolup «djoging» (ýuwaşjadan birsydyrgyn ylgamak) topary emele geldi.

Ata Watan siziň bilen beýgelýär

Hormatly Prezidentimizi «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz, «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» we «Türkmen edermen» medallaryna mynasyp bolmagy bilen mähirli gutlaýarys! Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň «Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz bilen sylaglamak hakynda» Karar kabul etmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şatlyk-şowhunly günleriniň dabarasyny artdyrdy. Türkmen döwletiniň ýetýän belent sepgitleriniň gözbaşynda duran milli Liderimiz ata Watanymyzyň barha kuwwatlanmagynyň hatyrasyna gujur-gaýratly işlemekde-de, eziz Diýarymyzy gözüniň görejine deňäp söýmekde-de ösüşli ýollarda ruhubelentligi hemra edinip, öz halkyna görelde bolýar.

Sport ulgamynyň hünärmenlerine söz bereliň!

Baş baýrama mynasyp sowgat Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk – bagtymyz» ady bilen Garaşsyzlyk baýramynyň 30 ýyllyk senesiniň bosagasynda çapdan çykan täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda guralan dabara Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, mugallymlar we talyplar, şeýle-de ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Awaza – dostlaryň duşuşýan ýeri

MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGY 06.08.2021. Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky ýokary derejedäki forum «Awaza» Kongresler merkezinde geçirildi.

Sport – ösüş

Ýurdumyzda raýatlaryň, aýratyn-da, çagalaryň, ýetginjekleriň, ýaş oglan-gyzlaryň mümkin boldugyça örän köpsanlysynyň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin şertleriň döredilmegi sporty ösdürmek strategiýasyny işläp taýýarlamagyň hem-de Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesiniň jemgyýetde berkarar edilmeginiň baş maksadyna öwrüldi. Çünki ýaş nesilleri beden taýdan ösdürmegiň usullaryny «uzak wagtyň dowamynda täsir edýän terbiýe» diýip, ýöne ýerden atlandyrmaýarlar, sebäbi bu terbiýe diňe bir türgeni, şahsyýeti däl, eýsem-de, jemgyýeti kemala getirýär. Soňky ýyllarda türkmen türgenleriniň Bütindünýä sport hereketine gatnaşmagy, halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri gazanmagy Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki sport abraýynyň barha artýandygyna anyk şaýatlyk edýär. Goý, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurduna öwren, sporta höwesek ýaşlarymyzyň ussat türgenler bolup ýetişmegi üçin alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan halkara başlangyçlary hemişe rowaç alsyn!

Talyplaryň toý sowgady

Garaşsyzlyk eýýamy türkmen halkynyň taryhynda düýpli özgertmeleriň, özgerişleriň döwrüdir. Döwletimiziň özygtyýarlylygyny yglan etmegi bilen, ýurdumyzyň taryhynda täze eýýam — Garaşsyzlyk eýýamy başlandy. Taryhyň ölçeglerine laýyklykda, 30 ýyl uly bolmadyk möhletdir. Ýöne bu ýyllaryň içinde ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri uly bolup, manysy we ähmiýeti boýunça ol tutuş eýýama deňdir. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu şanly ýyl Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhy ýyl ýazgysyna täze, şöhratly sahypalaryň ýazylýan ýyllarynyň birine öwrüldi. Şeýle taryhy wakalaryň şaýady bolup ýaşaýandygymyz üçin biz diýseň bagtlydyrys.