"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Redýard KIPLING

ÝÜZ MÜŇ NÄME ÜÇIN Meniň alty kömekçimHem çakgan, hem çalasyn.Maňa habar berýärlerGelse bir zat bilesim.

Başlangyç fotograflar nämede säwlik goýberýärler

Toparlaýyn suratlar. Diňe bir adamyň suratyny alanyňda ilkinji kadrlaryň şowly bolup duranok. Eger-de birbada 20 adamyň suratyny almaly bolsaň weli, munuň has-da kyn işdigi düşnüklidir. Surat arkaly wakanyň möçberini görkezmek kyn bolan halatynda ony söz bilen beýan etmek maslahat berilýär.  Lenç edilen suratlar. Adata öwrülip giden eli diplomly, boýny medally suratlar biri-birini gaýtalaýar. Siziň fotoapparatyňyzyň obýektiwinden gözüni aýyrman seredip duran «gahrymanyň» ýüzünden onuň başdan geçirýän ahwalyny okamak mümkin däldir. Olaryň begenç gözýaşlaryny dökýän, ene-atanyň öz perzendine guwanýan pursatlaryny surata alyp bilseňiz, diňe şonda azabyňyz ýerine düşer.

Fotožurnalistlere maslahatlar

Milli Liderimiziň başda durmagynda  Türkmenistan Watanymyzda habar beriş serişdeleriniň  işini kämilleşdirmekde köpsanly işler durmuşa geçirilýär. Şol sanda fotožurnalistikany ösdürmek boýunça hem ähli mümkinçilikler döredilýär. NÄMÄNI WE NÄDIP SURATA DÜŞÜRMELI?

Fotožurnalistler

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 HALYPA FOTOŽURNALIST DÖRTGULY MYRATGULYÝEW

«Garaşsyzlyk – bagtymyz»

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk – bagtymyz»  atly kitaby 3 dilde bolup, ol köpsanly suratlar bilen bezelipdir. Bu kitapda Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra amala aşyrylan işler, onuň taryhy ähmiýeti barada möhüm maglumatlar getirilipdir. «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly ajaýyp kitap parahatçylygyň, öňe gitmegiň we ähli adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halklary birleşdirýän ideýalaryň üýtgewsiz ähmiýetini okyjylara açyp görkezýär.

Azajyk derdi aş basar

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Her bir işi ýedi ölçäp, bir kesen,Türkmenden daş bolan dert hem-de kesel.

Bedenterbiýe we sport

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 BEDENTERBIÝE WE SPORT HEREKETI DABARALANÝAR

«Bitarap Türkmenistan» makalalar toplumy

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 BITARAPLYK – BAKY BAGTYM

Çawy dünýä dolan toý

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda

Çaý içseň, ömrüň uzar!

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Çaýyň ynsan saglygyna täsiri barada gündelik metbugatda kän ýazyldy. Çaýyň düzümi, onuň ýokumlara baýlygy, nähili dertlere dermanlygy, ondan dürli jöwherleri, melhemleri ýasamagyň usullary barada dürli döwürlerde ylmy işler hem edildi. Görlüp oturylsa, bu şypaly içginiň saglyga ters täsir etmezligi üçin, bilip goýmaly zatlar bar eken. Hytaýly danalar «çaý gadaganlyklarynyň» 10-usyny anyklapdyrlar. Olary şeýle beýan etmek bolar:

Dermanlyk ösümlikler ‒ tebigatyň peşgeşi

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 TÜRKMENISTAN – DERMANLYK ÖSÜMLIKLERIŇ MEKANY

Dünýäni dürli reňklerde görmek isleseň...

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Her bir adam dünýäni birhili görýär. Ylym adamlary dünýäniň, durmuşyň her bir ülşünden ylmy many çykarmaga çalyşýarlar ýa-da şonuň näme üçin şeýledigini derrew ylmy esasda subut etmäge, akyl ýetirmäge we indiki boljak işleri öňünden kesgitlemäge başlaýarlar. Saz bilen iş salyşýan adamlar bolsa dünýäni notalaryň üsti bilen görýär. Olaryň eşidiş ukyby eýýäm başgaça. Olar hatda adaty adamlar üçin jansyz, sessiz bolan materiallardan hem owaz eşidýärler, şol eşidýän mukamyny bolsa gaýtadan ýene adamlara gaýtaryp berýärler. Söz sungatynyňky ýene tapawutly. Olar dünýäni sözüň üsti bilen ony okan adamlaryň hyýalynda janlandyrmagy başarýarlar. Şekillendiriş sungaty bolsa dünýäni diňe reňklerde berýär. Aňlamagy başarsaň reňkleriň manylary şeýle bir giň we çuň welin, olaryň üsti bilen temperatura, wagt, gaýgy-alada, şatlyk, tizlik, mähirdir söýgi ýaly abstrakt zatlaram duýmak bolýar.

Energetika pudagy

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 ENERGETIKA PUDAGYNDAKY GADAMLAR

Gündelikdäki ýazgylardan

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 (Ýazyjy-şahyrlaryň gürrüň bermeginde ýazylyp alnan,

Gündelikden gyýkyndylar

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Göwnüme ýazýan hekaýalarymyň haçandyr bir wagt okan hekaýalaryma çalym edýän ýaly bolup  durmasyna kän wagt sesimi çykarman gezdim. Ahyry bu ýakymsyz ýagdaý halys etimden ötüp, süňňüme ornansoň ondan çykalga agtaryp başladym.  Kelebiň ujuny ýitirip: «Bolmasa özümden ýazyjy çykmajagyny mert boýnuma alyp, galamymy äpberäýsemmikäm» diýibem gördüm. Uly ýazyjylar şeýle ýagdaýlarda näme edýärlerkä diýip, hemişe bolşy ýaly,  bu sowalymyň jogabyny ýene-de öňküje okan kitaplarymdan gözlemeli diýen karar geldim. Haýsy kitapdan başlamalydygym hakyndaky pikiriň üstünde kän eglenmeli bolmadym. Iküç aý bäri indi okaryn, şindi okaryn diýip kompýuterimiň iş stolunda saklap ýören kitabymy okap çykdym. Hut şu kitapda-da ýitigime duşdum. Soňky döwür  özümi aldym-berdime salyp, kösäp ýören duýgym zym uçan ýaly boldy. Muňa-da ol kitapdaky « Günüň saýasynyň düşýän ýerinde öň döredilen eserlere azda-kände çalym etmeýän täze eser döremez» diýen ýekeje sözlem sebäp boldy. Özümiň hiç kimiňkä meňzeýän däldir diýip, ýazýan hekaýalarymyň  ozaldan bar bolan eserlere ujypsyzja-da meňzemesi gutulgysyz bolsa, men näme üçin oda-köze düşüp ýörün?! Ne sebäpden düýn-öňňine çenlem ykbalym saýyp ýören galamymdan öýkeläp, ony terk etjek bolýaryn diýip oýlandym. Ýogsam, häzirki okan pikirlerime kybabrak bir pikiri talyp wagtymyz halypa edebi

Gyş paslyndan söz açsaň...

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 HEÝJANELEK, GYŞ GELDI!

Halkara howa menzili

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, onuň düzümini uçarlar bilen ýetirmek, pudak üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, täze howa menzillerini gurmak we durkuny täzelemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň eşret nuruny boldan eçilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň gojaman daglary ýakalap oturan Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmagy milli raýat awiasiýamyzy ösdürmekde möhüm ädim boldy. Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat hem-de Kerki şäherlerinde gurlup ulanylmaga berlen Halkara howa menzillerinden soňra, bu desga ýurdumyzda guruljak bäşinji Halkara howa menzili bolar. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen täze Halkara howa menzili toplumynyň potratçysy bäsleşik esasynda kesgitlener. 

Hekaýa. Täze ýyl sowgady

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Bu şaýylyklaryň her birisi bakgal, gök satyjy we gassap bilen söwdalaşylyp jemlenipdi. Bir dollar segsen ýedi sent. Hemmesi şulardy. Onuň altmyş senti hem bir sentlik şaýylyklardan ybaratdy. Käwagt satyjylaryň özüni gysgançlykda aýyplamalaryndan ätiýaç edip, utanjyndan ýüzi gyzarýan wagtlaram az bolmaýardy. Della puluny üç gezek sanady. Bir dollar segsen ýedi sent. Ertesi gün hem Roždestwo günüdi.

Ippoterapiýa

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 Halkymyzyň öz behişdi bedewleriniň gadyryny uly dereje bilen arzylaýandygy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has hem aýdyň görünýär. Hormatly Prezidentimiziň milli gymmatlyklarymyzyň, şol sanda ahalteke bedewlerimiziň şöhratlanmagyna ak ýol açmagy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem beýleki halklaryň hem bähbidine boldy. Çünki ahalteke atlarynyň muşdaklary dünýäniň ähli ýurtlarynda hem köp. Türkmen bedewleri dünýä möçberinde geçirilýän uly halkara marafon aralygy, adaty at çapyşygy hem-de  gözellik sergisi ýaly birnäçe ýaryşlarda hem özlerini äleme tanadan atlardyr. Gahryman Arkadagymyz owadanlykda, ýyndamlykda, çydamlylykda, ynsan deýin duýgurlykda zeminde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimize belent sarpa goýmagy, tutuş kalbyň bilen olara buýsanmagyň şahsy göreldesini görkezmegi bütin dünýäde ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny  has-da artdyrdy. Türkmeniň behişdi bedewlerini näçe taryp etseň-de bärden gaýdýar.

Kitap okap gezgil ýagşy kelamdyr

«Türkmenistan Sport», № 4, 2021 KITAP – KÖŇÜL NAGŞYMYZ