"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

«Ömür merdiwany» kyssalar toplumyndan

«Türkmenistan Sport», № 3 (15), 2022 Bi­rin­ji wa­ka

Gurban Berdiýewiň paýhasy Messiniň ussatlygyndan üstün çykdy

«Türkmenistan Sport», № 3 (15), 2022 Sport ýa­ryş­la­ryn­da he­mi­şe fi­zi­ki ar­tyk­maç­lyk esa­sy äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ma­ýar. Fi­zi­ki güý­jüň, çak­gan­ly­gyň, teh­ni­ki ba­şar­ny­gyň ne­ti­je ber­me­gi üçin ola­ryň hem­me­si­ni bir mak­sa­da hyz­mat et­dir­ýän bi­ler­men, ýag­ny tä­lim­çi ge­rek. Tä­lim­çi­niň paý­ha­sy­nyň we ba­şar­ny­gy­nyň «Or­ta­tap» di­ýil­ýän oýun­çy­lar bi­len dog­ry gu­ra­lan tak­ti­ka ar­ka­ly is­len­dik to­pa­ry iň aň­ry­baş be­lent­li­ge çy­ka­ryp bil­ýän­di­gi­ni 2004-nji ýyl­da gör­dük. Şon­da ne­mes hü­när­me­ni Ot­to Re­ha­gel ozal ady-so­ry bi­lin­me­ýän Gre­si­ýa­nyň fut­bol ýy­gyn­dy­sy bi­len Por­tu­ga­li­ýa­da hä­zir­ki wag­tyň ýoň bo­lan jüm­le­si bi­len aý­da­nyň­da, «Ro­nal­du we onuň ko­man­da­sy­ny» (Şol wagt Por­tu­ga­li­ýa Lu­iş Fi­gu­nyň ady bi­len ta­nal­ýar­dy) fi­nal­da ýeň­me­gi ba­şar­dy. Em­ma «Ko­rol Ot­to» diý­lip, da­ba­ra­lan­dy­ry­lan us­sat tä­lim­çi­niň ady şon­dan soň kän bir «Üs­tün­lik» di­ýen söz bi­len bir ýer­de ag­zal­ma­dy. In­di bu gür­rü­ňi bu ýer­de go­ýup, öz gö­zü­mi­ziň ýet­ýän gi­ňiş­li­gi­ne na­zar aý­la­ly.

Okuwçy gyzyň medallary

«Türkmenistan Sport», № 3 (15), 2022 Tö­we­rek goh-gal­ma­gal. Kim­si bäs­le­şi­ge gat­naş­ýan per­zen­di­ni, kim­si do­ga­ny­ny ýa dos­tu­ny, kim­si-de ag­ty­gy­ny gol­dap go­wur tu­ruz­ýar. Em­ma bu goh-gal­ma­gal­la­ryň hi­ji­si-de onuň ün­sü­ni bö­lüp bi­le­nok. Oku­ny hem ýa­ýy­ny ele alan gyz üns bi­len ny­şa­na se­red­ýär. Sport za­ly­nyň şow­hu­ny bir ýa­na, eli ýaý­ly gyz baş­ga bir ýa­na… Iç­ki hem daş­ky dün­ýä­sin­de hem­me zat­dan rüs­tem gel­ýän za­da – yna­ma yh­la­sy­ny di­rän gy­zyň ýa­ýy­ny göý­be­re­nem şol­dy we­lin, des­si­ne gö­ni 10-luk­dan dü­şen ýaý sport za­ly­nyň şow­hu­ny­ny alys­la­ra sa­ry so­wu­ryp goý­ber­di. Ýa­ry­şyň baý­rak­ly or­nu­na my­na­syp bo­lan bu tür­gen Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 32-nji or­ta mek­de­biň 10-njy synp okuw­çy­sy Mae­de Ab­ba­so­wa­dy.

Pälwanlar – toýlaryň bezegi

«Türkmenistan Sport», № 3 (15), 2022 Şat­lyk-şow­hu­ny çar­ýa­na ýaň sa­lyp ulu­dan tu­tul­ýan toý­la­ry­my­zyň esa­sy da­ba­ra-be­zeg­le­ri­niň bi­ri gö­reş­dir. Go­ýu­lan baý­rak­la­ry al­mak ug­run­da päl­wan­lar gö­re­şiň berk go­ýu­lan düz­gün-ka­da­sy­na eýe­rip öza­ra bäs­leş­ýär­ler, şon­da äh­li ge­len mä­re­kä­niň ün­si ola­ra gö­nü­gip toý şow­hu­ny, gy­zy­gy has-da art­ýar.

Türkmen artistleriniň durmuşyndan gyzykly pursatlar

«Türkmenistan Sport», № 3 (15), 2022 (Hekaýa)

Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň şöh­ra­ty da­ba­ra­lan­ýar

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Ýur­du­myz­da ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­mek, hal­ka­ra de­re­je­li tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek me­se­le­le­ri döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ugur­la­ry na­za­ra alyp, 2018-nji ýy­lyň 26-njy ýan­wa­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi dö­re­dil­di. Onuň mak­sa­dy ýurt­da spor­ty, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­ny ös­dür­mek­den, giň dü­şün­je­li, tu­tan­ýer­li, wa­ta­na we­pa­ly ýaş nes­li ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek­den yba­rat­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­giniň dü­zü­min­de ýol­baş­çy­lar, ýo­ka­ry ne­ti­je­li sport we olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni ut­gaş­dy­ryş, sport mek­dep­le­ri­niň işi­ni we sport çä­re­le­ri­ni gu­ra­mak, ýaş­lar sy­ýa­sa­ty we köp­çü­lik­le­ýin sport çä­re­le­ri, yk­dy­sa­dy sel­je­riş we me­ýil­leş­di­riş, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry, ma­li­ýe we buh­gal­ter ha­sa­ba­ty, sport des­ga­la­ry­ny do­lan­dy­ryş we gur­lu­şyk, iş do­lan­dy­ryş, iş­gär­ler we ýö­ri­te iş­ler ýa­ly bö­lüm­ler he­re­ket ed­ýär.

Ma­ny­ly öm­rüň be­ýa­ny

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 er bir yn­sa­nyň öm­rü­niň ma­ny­sy onuň bi­ti­ren ýag­şy iş­le­ri, ha­ýyr­ly baş­lan­gyç­la­ry bi­len öl­çe­nil­ýär. Il yk­ba­ly­na da­hyl­ly iş­le­ri, be­ýik mak­sat­la­ry öm­rü­niň ma­ny­sy­na öw­ren Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Öm­rü­miň ma­ny­sy» at­ly ki­ta­by bi­ziň üçin nus­ga­lyk mek­dep­dir.

Ýur­du­myz­da ýaýbaňlandyrylan dabaralar­

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 7-nji ap­rel­de, asyl­ly dä­be gö­rä, Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz ed­ýän baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri ge­çi­ril­di. Mil­li se­ne­na­ma­da ber­ki­di­len bu hal­ka­ra se­nä ga­bat­la­nyp, köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş gu­ral­dy. Oňa hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hem gat­naş­dy. We­lo­si­ped­li ýö­riş­ler, dür­li be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş we sport çä­re­le­ri, ýaş tür­gen­le­riň gör­kez­me çy­kyş­la­ry paý­tag­ty­myz bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da hem ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.

Günleri ajaýyplyga beslenýän aýlar

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Aý­la­ry aja­ýyp­ly­ga, gün­le­ri gül­le­re bes­le­nip ge­len 2022-nji ýyl – «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly be­lent tu­tum­la­ra ba­dal­ga be­rip, mak­sat­la­ry my­ra­dy­na gow­şu­rdy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça her ýy­la at ber­mek ýa­ly aja­ýyp däp­de mil­li ösü­şiň tä­ze tap­gy­ry­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň yg­lan edil­me­gi wa­tan­çy­lyk ru­hu­nyň be­len­de gal­ma­gy­na we her bir ra­ýa­tyň ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan ägirt uly iş­le­re şah­sy go­şant goş­ma­ga hö­we­si­niň art­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Bu ýy­ly­my­zyň «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za bo­lan hor­mat-sar­pa­sy­nyň be­ýa­ny­dyr.

Sport hem baýdak

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Baý­dak – ýur­duň mer­te­be­si. Baý­da­gy be­lent­de pa­syr­da­ýan döw­le­tiň at-ab­ra­ýy hem, on­da ýa­şa­ýan adam­la­ryň ru­hy hem be­lent bol­ýar. Bu gün dün­ýäň de­pe­sin­de pa­syr­dap du­ran ýa­şyl Tu­gu­my­za gö­zü­miz dü­şen­de, köň­lü­mi­ze buý­sanç duý­gu­la­ry ara­laş­ýar.

Har­by sport — wa­tan­sö­ýü­ji­lik mek­de­bi

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Mer­da­na pe­der­le­ri­mi­ziň mer­te­be­si­niň be­len­de gö­te­ril­me­gi gö­nü­den-gö­ni ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly güýç­le­rin­de gul­luk borç­la­ry­ny ber­jaý ed­ýän türk­men ogul­la­ry­nyň eder­men­li­gi­ne bag­ly­dyr. Äh­li türk­men öý-ojak­la­ryn­dan göz­baş al­ýan ata Wa­ta­ny­my­zy go­ra­mak­da sap wyž­dan­ly, leb­zi­ha­lal, ýag­şy­ly­ga ym­tyl­ýan ru­hu­be­lent, gaý­rat­ly, sag­dyn ýaş­la­ry­my­zyň güý­ji, gu­ju­ry gaý­nap joş­ýar. Bu ugur­da har­by gul­luk­çy­la­ryň spor­tuň dür­li gör­nüş­le­rin­den baş alyp çyk­ma­gy, beý­le­ki ýaş­la­ry­myz bi­len deň de­re­je­de har­by tür­gen­le­ri­mi­ziň hem Olim­pia­da­la­ra, hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­na gat­naş­ma­gy Wa­tan go­ra­gy ug­run­da sö­weş he­re­ket­le­rin­de, ýö­ri­te tak­ti­ki sa­pak­lar­da ça­la­syn­ly­gy ele al­ma­ga, gaý­ra­ta ga­lan be­de­niň has-da sag­dyn bol­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. «Halkyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýylynda eziz Di­ýa­ry­myz­da köp­çü­lik­le­ýin spor­ta we be­den­ter­bi­ýä giň ge­rim be­ril­me­gi ýaş wa­tan­çy­la­ry diý­seň gu­wan­dyr­ýar. Be­den­ter­bi­ýe we spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak köp­san­ly har­by gul­luk­çy­la­ry­my­zyň berk be­den­li, gu­jur­ly, giň dü­şün­je­li bol­ma­gyn­da, erk­le­ri­ni we hä­si­ýet­le­ri­ni ter­bi­ýe­le­mek­de, ru­hy taý­dan sag­dyn­ly­gy­ny ga­zan­mak

Bagtyýar zamananyň ruhubelent ýaşlary

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň we ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­tuň dün­ýä de­re­je­sin­de ösen dü­züm­le­ri, şeý­le-de bag­ty­ýar türk­men ýaş­la­ry­na sportuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak hem-de dün­ýä we yk­lym de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­na gat­na­şyp, ýa­şyl Tu­gu­my­zy al-as­man­da par­lat­mak üçin aja­ýyp şert­ler we giň ge­rim­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di.

Welosiped — meniň ýakyn hemram

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Sport, şol sanda welosiped sporty ada­myň be­den hem ru­hy taý­dan sag­dyn bol­ma­gy­na uly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Men mu­ňa mek­dep­de be­den­ter­bi­ýe der­sin­de tür­gen­le­şik geç­ýär­käm göz ýe­tir­dim. Bi­ze be­den­ter­bi­ýe mu­gal­ly­my­myz sport bi­len meş­gul­lan­ma­gyň aňyň, ru­hy dün­ýäň gö­zel­leş­me­gi­ne, dün­ýä­ga­raý­şyň gi­ňe­me­gi­ne ge­tir­ýän­di­gi­ni hä­li-şin­di aý­dar­dy. Bu, ha­ky­kat­da­nam, şeý­le. Men in­di sport bi­len meş­gul­la­nyp, yzy­gi­der­li tür­gen­le­şip, özü­mi ra­hat hem er­kin, güýç-kuw­wat­ly duý­ýa­ryn.

Saz we saglyk

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Sag­dyn ýa­şa­ýyş üçin he­re­ke­tiň ze­rur­dy­gy­ny hem­mä­miz bil­ýän bol­sak ge­rek. Em­ma ada­myň nerw-da­mar ul­gam­la­ry­nyň ka­da­ly ýag­daý­da bol­ma­gy beý­ni­niň dynç al­ma­gy üçin di­ňe bir he­re­ket ýe­ter­lik bol­man, eý­sem peý­da­ly daş­ky tä­sir­ler hem ge­rek. «Ýa­kym­ly owaz­la­ryň şy­pa be­ri­ji tä­si­ri bar­dyr» diý­li­şi ýa­ly, sa­zyň ada­ma ýe­tir­ýän oňyn tä­si­ri alym­lar ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nan. «Ga­ty» hem-de «ýu­waş» di­ýen iki sö­züň bi­rik­me­gin­den eme­le ge­len for­te­pia­no hem şeý­le tä­sir­le­ri özün­de jem­le­ýän saz gu­ra­ly­dyr. Baş­ga­ça, «10 bar­magyň hü­nä­ri» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan for­te­pia­no­da ada­myň 10 bar­ma­gy-da deň de­re­je­de he­re­ket ed­ýär. Yn­san be­de­ni­ni tap­la­mak­da bu saz gu­ra­ly­nyň tä­si­ri ba­ra­da Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa adyn­da­ky Türk­men mil­li kon­ser­wa­to­ri­ýa­sy­nyň ýö­ri­te for­te­pia­no ka­fed­ra­sy­nyň mu­gal­ly­my Şem­şat Aman­ne­pe­so­wa­nyň pi­kir­le­ri­ni diň­lä­liň!

San­ly ul­gam – döw­rüň ta­la­by

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 In­ter­ne­tiň ha­bar­lar ul­ga­my­na Türk­me­nis­ta­nyň gat­naş­ma­gy­ny gi­ňelt­mek, elekt­ron ne­şir­le­riň ma­ha­ba­tyn­dan gir­de­ji al­mak, saýt­la­ry hem-de beý­le­ki web-se­riş­de­le­ri dö­ret­mek ba­ra­da­ky we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly ta­ra­pyn­dan de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­di. «Türk­me­nis­tan­da 2020–2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» dur­mu­şa ge­çir­me­giň çä­gin­de «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly­nyň «7/24.tm» at­ly hep­de­lik elekt­ron go­şun­dy­sy her hep­dä­niň du­şen­be gü­ni oky­jy­la­ra ýe­ti­ril­ýär. On­da­ky ma­te­ri­al­lar türk­men, iň­lis we rus dil­le­rin­de taý­ýar­la­ny­lyp, her bir ma­ka­la, ha­bar žur­na­lis­ti­ka­nyň döw­re­bap ta­lap­la­ryn­dan ugur al­ýar.

Ýaşlar jemgyýetiň iň işjeň bölegidir

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler bü­tin hal­ky­myz bi­len bir ha­tar­da ýaş­la­ryň hem buý­san­jy­ny art­dyr­ýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Halk­la­ryň ara­syn­da dost-do­gan­ly­gy, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­mak, be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni iş­jeň or­naş­dyr­mak, ösüp gel­ýän ýaş nes­li sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň­den çek­mek, şeý­le hem ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sport ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çe­kip, Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­ne Hal­ka­ra sam­bo fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de 2025-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da Sam­bo bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­mä­ge yg­ty­ýar ber­di.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy we türk­men hal­ky­nyň ga­raş­syz döw­let­li­lik tag­ly­ma­ty

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyllygyna

Tomusda dynç alýanlara maslahat

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Ül­kä­mi­ziň gö­zel ýer­le­ri­ne ge­ze­lenç edip, dynç al­ma­ga, aja­ýyp te­bi­ga­ta ser sal­ma­ga gid­ýän ra­ýat­la­ry­myz zä­her­li mör-mö­jek­le­riň, ýy­lan­la­ryň çak­ma­syn­dan ägä bol­ma­ly­dy­gy­ny, özü­ni go­ra­ma­gy, öz-özü­ne kö­mek et­me­gi ba­şar­ma­ly­dy­gy­ny ýat­lad­ýa­rys. Ada­myň sag­ly­gy­na zy­ýan ýe­ti­rip bil­ýän mör-mö­jek­ler: çy­byn-çir­keý­ler, aýak­çy­lar, si­ňek­ler, ary­lar, ýy­lan­lar we ş.m. de­giş­li­dir.

Garaşylýan futbol baýramy

«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022 Her dört ýyl­dan ge­çi­ril­ýän fut­bol bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty bu ýyl Ka­tar döw­le­tin­de bo­lar. Ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek ýa­kyn gün­do­gar­da ge­çi­ril­ýän no­bat­da­ky 22-nji uly fut­bol baý­ra­my 2022-nji ýy­lyň no­ýabr we de­kabr aý­la­ryn­da dün­ýä­niň köp­san­ly sport hü­när­men­le­ri­ni we jan­kö­ýer­le­ri­ni Ka­ta­ryň fut­bol meý­dan­ça­la­ryn­da jem­lär. Bu çem­pio­na­ta eý­ýäm köp ýyl­lar­dan bä­ri taý­ýar­lyk gö­rül­ýär.