Ýeňişler beýgeldýär Watan şöhratyn
«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Täze taryhy döwürde berkarar döwletimiz barha ösýär, özgerýär, ýurdumyzyň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Bu gün sport ulgamynda ýetilýän sepgitler hem aýratyn guwandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan gözel Diýarymyzda olimpiýa hereketiniň, ýokary netijeli sportuň we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, şeýle-de döwrebap sport düzüminiň we sportuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döredilmegi ulgamyň täze belentliklere çykmagyny şertlendirdi. Diýarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport desgalarynyň, şol sanda stadionlaryň, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň, atçylyk sport toplumlarynyň, ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi türkmen sportunyň şöhratyny artdyrjak türgenleriň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam berýär. Munuň özi ýaşlarymyzyň sportuň höwes edýän görnüşleri bilen meşgullanyp, barha taplanmagyna we dürli derejedäki sport ýaryşlaryna gatnaşmagyna giň mümkinçilikleri açdy. Şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan türgenlerimiziň bu gün gazanýan sport üstünlikleri bellenilmäge mynasy