«Türkmenistan Sport», № 3 (15), 2022
Sport ýaryşlarynda hemişe fiziki artykmaçlyk esasy ähmiýete eýe bolup durmaýar. Fiziki güýjüň, çakganlygyň, tehniki başarnygyň netije bermegi üçin olaryň hemmesini bir maksada hyzmat etdirýän bilermen, ýagny tälimçi gerek. Tälimçiniň paýhasynyň we başarnygynyň «Ortatap» diýilýän oýunçylar bilen dogry guralan taktika arkaly islendik topary iň aňrybaş belentlige çykaryp bilýändigini 2004-nji ýylda gördük. Şonda nemes hünärmeni Otto Rehagel ozal ady-sory bilinmeýän Gresiýanyň futbol ýygyndysy bilen Portugaliýada häzirki wagtyň ýoň bolan jümlesi bilen aýdanyňda, «Ronaldu we onuň komandasyny» (Şol wagt Portugaliýa Luiş Figunyň ady bilen tanalýardy) finalda ýeňmegi başardy. Emma «Korol Otto» diýlip, dabaralandyrylan ussat tälimçiniň ady şondan soň kän bir «Üstünlik» diýen söz bilen bir ýerde agzalmady. Indi bu gürrüňi bu ýerde goýup, öz gözümiziň ýetýän giňişligine nazar aýlaly.