«Türkmenistan Sport», № 3 (15), 2022
Töwerek goh-galmagal. Kimsi bäsleşige gatnaşýan perzendini, kimsi doganyny ýa dostuny, kimsi-de agtygyny goldap gowur turuzýar. Emma bu goh-galmagallaryň hijisi-de onuň ünsüni bölüp bilenok. Okuny hem ýaýyny ele alan gyz üns bilen nyşana seredýär. Sport zalynyň şowhuny bir ýana, eli ýaýly gyz başga bir ýana… Içki hem daşky dünýäsinde hemme zatdan rüstem gelýän zada – ynama yhlasyny dirän gyzyň ýaýyny göýberenem şoldy welin, dessine göni 10-lukdan düşen ýaý sport zalynyň şowhunyny alyslara sary sowuryp goýberdi. Ýaryşyň baýrakly ornuna mynasyp bolan bu türgen Aşgabat şäherindäki 32-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Maede Abbasowady.