«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022
Aýlary ajaýyplyga, günleri güllere beslenip gelen 2022-nji ýyl – «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly belent tutumlara badalga berip, maksatlary myradyna gowşurdy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyla at bermek ýaly ajaýyp däpde milli ösüşiň täze tapgyrynyň esasy ugurlarynyň yglan edilmegi watançylyk ruhunyň belende galmagyna we her bir raýatyň ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlere şahsy goşant goşmaga höwesiniň artmagyna ýardam edýär. Bu ýylymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza bolan hormat-sarpasynyň beýanydyr.