«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022
Merdana pederlerimiziň mertebesiniň belende göterilmegi gönüden-göni ýurdumyzyň Ýaragly güýçlerinde gulluk borçlaryny berjaý edýän türkmen ogullarynyň edermenligine baglydyr. Ähli türkmen öý-ojaklaryndan gözbaş alýan ata Watanymyzy goramakda sap wyždanly, lebzihalal, ýagşylyga ymtylýan ruhubelent, gaýratly, sagdyn ýaşlarymyzyň güýji, gujury gaýnap joşýar. Bu ugurda harby gullukçylaryň sportuň dürli görnüşlerinden baş alyp çykmagy, beýleki ýaşlarymyz bilen deň derejede harby türgenlerimiziň hem Olimpiadalara, halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy Watan goragy ugrunda söweş hereketlerinde, ýörite taktiki sapaklarda çalasynlygy ele almaga, gaýrata galan bedeniň has-da sagdyn bolmagyna ýardam berýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eziz Diýarymyzda köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä giň gerim berilmegi ýaş watançylary diýseň guwandyrýar. Bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak köpsanly harby gullukçylarymyzyň berk bedenli, gujurly, giň düşünjeli bolmagynda, erklerini we häsiýetlerini terbiýelemekde, ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmakda uly ähmiýete eýedir.