«Türkmenistan Sport», № 2 (14), 2022
Sport, şol sanda welosiped sporty adamyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagyna uly täsirini ýetirýär. Men muňa mekdepde bedenterbiýe dersinde türgenleşik geçýärkäm göz ýetirdim. Bize bedenterbiýe mugallymymyz sport bilen meşgullanmagyň aňyň, ruhy dünýäň gözelleşmegine, dünýägaraýşyň giňemegine getirýändigini häli-şindi aýdardy. Bu, hakykatdanam, şeýle. Men indi sport bilen meşgullanyp, yzygiderli türgenleşip, özümi rahat hem erkin, güýç-kuwwatly duýýaryn.