"Biznes reklama" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 101/1
Telefon belgileri: 21-97-19, 21-97-61

Habarlar

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Döwlet Maslahaty geçirildi

23-nji sentýabrda paý­tag­ty­myz­da­ky Ru­hy­ýet köş­gün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 31 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan Döw­let Mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Wa­ta­ny­my­zyň dur­mu­şyn­da şan­ly wa­ka bo­lan umu­my­mil­li fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne şu dö­wür­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­riň ne­ti­je­le­ri­ni jem­le­mek, ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di. Döw­let Mas­la­ha­ty­na san­ly ul­gam ar­ka­ly Ahal we­la­ýa­ty­nyň we­kil­le­ri­niň «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­dan, Bal­kan, Da­şo­guz, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň bol­sa Türk­men­ba­şy, Da­şo­guz, Türk­me­na­bat, Ma­ry şä­her­le­rin­dä­ki Ru­hy­ýet köşk­le­rin­den go­şu­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.

Döwlet sylagyňyz üçin taňryýalkasyn, Arkadagly Serdarymyz!

24-nji sent­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne hem-de hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gy­na go­şan ägirt uly şah­sy go­şant­la­ry üçin halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­nyň ta­pa­wut­la­nan iş­gär­le­ri­ne, önüm­çi­li­giň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­na, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, dü­züm­le­ýin gu­ra­ma­la­ryň iş­gär­le­ri­ne döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Gazetimiziň şu sanynda Şa serpaýlaryna mynasyp bolan Söwda toplumynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň birnäçesiniň buýsançly sözlerini size ýetirýäris. — «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly  Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly

Döwlet sylagyňyz üçin taňryýalkasyn, Arkadagly Serdarymyz!

24-nji sent­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne hem-de hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gy­na go­şan ägirt uly şah­sy go­şant­la­ry üçin halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­nyň ta­pa­wut­la­nan iş­gär­le­ri­ne, önüm­çi­li­giň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­na, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, dü­züm­le­ýin gu­ra­ma­la­ryň iş­gär­le­ri­ne döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Gazetimiziň şu sanynda Şa serpaýlaryna mynasyp bolan Söwda toplumynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň birnäçesiniň buýsançly sözlerini size ýetirýäris. — Ser­gi — ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ga­za­nan­la­ry­ny dün­ýä ýü­zün­de şöh­le­len­dir­ýän

Döwlet sylagyňyz üçin taňryýalkasyn, Arkadagly Serdarymyz!

24-nji sent­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne hem-de hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gy­na go­şan ägirt uly şah­sy go­şant­la­ry üçin halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­nyň ta­pa­wut­la­nan iş­gär­le­ri­ne, önüm­çi­li­giň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­na, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, dü­züm­le­ýin gu­ra­ma­la­ryň iş­gär­le­ri­ne döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Gazetimiziň şu sanynda Şa serpaýlaryna mynasyp bolan Söwda toplumynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň birnäçesiniň buýsançly sözlerini size ýetirýäris. -- Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 31 ýyl­ly­gy bel­le­nil­ýän «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Per­ma­ny bi­len, ma­ňa Türk­me­nis­ta­nyň «Wa­ta­na bo­lan söý­gü­si üçin» me­da­ly gow­şu­ry­lan­da göw­nüm ga­nat­lan­dy, kal­bym jo­şa gel­di. Şu pur­sat ýa­dym­dan çyk­maz, öm­rü­miň bagt­ly pur­sa­dy bo­lup, ha­ky­dam­da he­mi­şe­lik ýa­zy­lar.

Döwlet sylagyňyz üçin taňryýalkasyn, Arkadagly Serdarymyz!

24-nji sent­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne hem-de hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gy­na go­şan ägirt uly şah­sy go­şant­la­ry üçin halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­nyň ta­pa­wut­la­nan iş­gär­le­ri­ne, önüm­çi­li­giň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­na, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, dü­züm­le­ýin gu­ra­ma­la­ryň iş­gär­le­ri­ne döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Gazetimiziň şu sanynda Şa serpaýlaryna mynasyp bolan Söwda toplumynda zähmet çekýän ildeşlerimiziň birnäçesiniň buýsançly sözlerini size ýetirýäris. Bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň te­le­ke­çi­lik pu­da­gyn­da ga­za­nyl­ýan ösüş­ler iş­le­mä­ge dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler bi­len sep­le­şip, dün­ýäň­de gu­wanç duý­gu­la­ry­ny oýar­ýar. Äh­li ul­gam­lar­da saz­la­şyk­ly üs­tün­lik­le­riň ga­za­nyl­ma­gy hal­kyň eş­ret­li, bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­nyň göz­ba­şy­na öw­rül­di. El­bet­de, bu zat­la­ryň aňyr­syn­da bol­sa

Güý­zeg

Ýy­ly deň-der­man dört pas­la bö­lü­nen bu ga­dy­my il­ler­de güýz­den söz açyl­sa, der­rew be­re­ket, bol­çu­lyk göz öňü­ňe gel­ýär. Go­ja ze­mi­niň ger­şin­de türk­me­niň ýurt tu­tu­nan kün­je­gi, ýe­ri gü­neş­li, çog­ly, top­ra­gy bol­sa, to­hum-a däl, hat­da ke­se­wi dürt­se­ňem gö­ge­rýär. Türk­me­niň top­ra­gy-da özi ýa­ly, idi-ys­su­wa­dy ýet­se, dem-dynç küý­se­ýä­ne-de meň­zä­nok. Gyş bir sä­hel pur­sat­lyk ymyz­gan­ýar di­ýäý­me­seň, ýaz gül­le­ýär, to­mus gök­dür bak­ja­sy, ir-iý­mi­şi leýs, an­ha, ar­ly to­mus ha­syl­dan ýa­ňa ýeg­şe­ri­lip otu­ran erik­dir al­ma ýü­ki ýeň­län­soň, in­di-in­di kad­dy­ny dik­le­ýär, her sal­ky­my bir ki­lo çy­kaý­jak bol­ýan üzüm «Ýyg­na­ýyň ahy­ry in­di» di­ýip, ge­çe­ne gol bu­la­ýa­na meň­zeş, ha­syl­ly şa­ha­la­ry döw­lä­ýer öýt­dür­ýän nar üzüm­den kem ga­lyp bar­ýan ýa­ly, bu güýz şe­ma­ly­na iki ýa­na hel­lew­le­ýär. Wah, bu güý­züň bak­ja­sy­nyň özi, is­rip et­män ýyg­nap bol­sa, tu­tuş ýy­lyň azy­gy. Maý­sa bo­lan bug­daý­ly meý­dan­la­ry diý­se­ne! Ba­ha­ryň baş­ky aýy­nyň ahyr­rak­la­ryn­da­ky ýaz­lag ýaý­la­sy­ny ýat­la­dan bol­ýar. Go­wa­ça meý­dan­la­ry da­gy öň ýyglan bolsa-da, ýe­ne ýy­gym­çy gi­ri­ber­me­li. Ýok, bu is­ri­biň, yr­ýa et­me­giň ala­ma­ty däl. Bu kö­ne­ki­ler aýt­myş­la­ýyn, ha­sy­lyň ba­şy­na gö­ren ýa­ly bo­lan­ly­gyn­dan ny­şan. Ýaz­gy­nyň şu ýe­rin­de çar­wa il­le­rin­de ýör­gün­li bo­lan «Güý­zeg

Ösüşlerimiziň buýsançly keşbi

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň her bir gü­ni uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. «Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­ly­nyň 20-nji sent­ýab­ryn­da açy­lyp, iki gün do­wam eden Türk­me­nis­ta­nyň

«Balam» konditer önümlerini öndürýän türkmen kärhanasy «WorldFood Moscow» halkara sergisine gatnaşdy

«Balam» konditer önümlerini öndürýän türkmen kärhanasy 20 — 23-nji sentýabrda Moskwa şäheriniň «Crocus Expo» halkara sergi merkezinde geçirilen «WorldFood Moscow» 31-nji güýzki halkara azyk önümleriniň sergisine gatnaşdy. Bu sergä şu ýyl 24 ýurtdan we Russiýanyň 54 sebitinden azyk önümlerini öndüriji we üpjün ediji kompaniýalaryň 700-den gowragy bardy.

«De­toxbox» türk­men kom­pa­ni­ýa­sy işe­wür­ler üçin biz­nes-lanç­la­ry el­tip ber­mek hyz­ma­ty­ny ýo­la goý­dy

Be­de­niň syr­dam­ly­ly­gy­ny sak­la­mak, el­bet­de, dogry iý­mit­len­mek bilen bag­ly bo­lup dur­ýar. Mu­nuň üçin bol­sa biz, il­ki bi­len, iý­mit­len­mek düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­me­li bol­ýa­rys. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýer­leş­ýän «De­toxbox» türk­men kär­ha­na­sy­nyň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len dog­ry iý­mit­len­mek düz­gün­le­ri­niň me­ýil­na­ma­sy be­de­ni­ňi­ziň sag­dyn­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge hem-de ar­tyk­maç ag­ra­my­ňy­zy aýyr­ma­ga kö­mek eder. Bu me­ýil­na­ma gün­de 4 ge­zek az ka­lo­ri­ýa­ly, ar­tyk­maç ag­ra­my azalt­ma­ga ni­ýet­le­nen azyk önüm­le­ri­ni ka­bul et­me­kden yba­rat­dyr. Me­ýil­na­ma­nyň esa­sy mak­sa­dy — be­de­niň syr­dam­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak, çiş­le­riň öňü­ni al­mak we iş­dä­ni saz­la­mak bo­lup dur­ýar.

Tagamy datly, şekersiz sakgyçlara isleg artýar

Kon­di­ter önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan «Al­tyn Ýu­nus» hu­su­sy kär­ha­na­sy öndürýän şekerli we şekersiz sakgyçlary-da diňe çagalaryň däl, ulularyňam islegli harytlarynyň hatarynda durýar. Habarçymyz paýtagtymyzyň käbir dükanlarynda bolup, iň geçginli sakgyçlar barada gyzyklananda, satyjylaryň aglabasy «Al­tyn Ýu­nus» hu­su­sy kär­ha­na­synyň öndürýän şekersiz sakgyçlaryna islegiň köplügi barada gürrüň beripdirler.

«Kä­mil gu­ru­jy» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­ plas­ti­ki gap­la­ry daşary ýurtlara eksport edýär

Da­şo­guz şä­he­rin­de ýer­leş­ýän «Kä­mil gu­ru­jy» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň plas­ti­k gap­la­ry ön­dü­ri­ji ki­çi za­wo­dy ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri Rus­si­ýa 300 ton­na­dan gow­rak plastik gaplary eks­port et­di. Kär­ha­nanyň ön­dür­ýän agyr ýük­le­re ni­ýet­le­nen çy­dam­ly po­lip­ro­pi­len we po­lie­ti­len hal­ta­la­ry da­şa­ry ba­zar­larda-da islegli harytlar. Bu gap­lar Hy­taý­da ön­dü­ri­len döw­re­bap teh­no­lo­gik en­jam­lar top­lu­myn­da aw­to­ma­tik usul­da çy­ka­ryl­ýar. On­da çig mal gar­ýan, gu­rad­ýan, sep­leş­dir­ýän, ýa­sy sa­pak taý­ýar­la­ýan, sa­ra­ýan, kes­ýän, ta­ýyn önüm taý­ýar­la­ýan en­jam­lar bar. Kär­ha­na­da ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän po­lip­ro­pi­len­den azyk ýa-da se­na­gat önüm­le­ri­ni gap­la­mak üçin tyg­şyt­ly, hi­li ýo­ka­ry, agyr ag­ra­ma çy­dam­ly, köp­ta­rap­la­ýyn ula­nyl­ýan gap ön­dür­mek üçin sa­pak­lar hem ön­dü­ril­ýär. En­ja­myň kuw­wat­ly­ly­gy aý­da 80 ton­na çen­li hal­ta çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär we po­lie­ti­len hal­ta­la­ra islegiň artmagy netijesinde, kär­ha­na ön­dür­ýän önü­mleriniň möçberini ýokarlandyrmaga, şeýle-de hil taýdan bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmaga uly üns berýär.

«Fer­ra­ri­si­ni» sa­tan ke­şiş

Dokuzynjy bölüm. Özüňe ygtyýar etmegiň gadymy usuly (Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda).

Hormatly Prezidentimiz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy

16-njy sentýabrda Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda — 15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz HHR-iň Başlygy Si Szinpin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de ŞHG-niň Baş sekretary Çžan Min bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegi hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahaty geçirildi

15-nji sentýabrda paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahaty geçirildi. Asylly däbe görä, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän ählihalk baýramçylygy mynasybetli guralýan foruma dünýäniň dürli döwletlerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, birleşigiň daşary ýurtly agzalary, şeýle-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinden birleşigiň wekilleri gatnaşdylar. Paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen bu forum Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlarynda kowçum bolup ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýygjam gatnaşyklary saklaýandygynyň we daşary ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimiziň Diýarymyzda geçirilýän iri forumlara işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Bir supra ýygnandy türkmen kowumy

15-nji sentýabrda paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň bu gezekki forumyna dünýäniň çar tarapyna ýaýran türkmen doganlarymyz geldiler. Maslahatyň düýp mazmunynda ykbalyň emri bilen Ýer togalagynyň dürli yklymlarydyr ýurtlaryna ýaýrap giden arkadaşlarymyzyň biri-birlerini içgin tanamagy, olaryň ata Watany bilen ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmagyna ýardam bermek, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek ýaly haýyrly işler bar. Häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 14-sinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 bölümi bar. Ýurdumyz olar bilen peýdaly, işjeň, ykdysady hem-de netijeli ynsanperwer gatnaşyklary saklaýar. Birleşigiň daşary ýurtly şahsy agzalarynyň sany 345-e ýetip, olar dürli ugurlarda işleri alyp barýarlar.

«Güneşli» söwda merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy

16-njy sentýabrda Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Güneşli» söwda merkezi açyldy. Açylyş dabarasyna söwda toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, il sylagly eneler hem-de ýaşulular gatnaşdylar. Aýdym-saza beslenen açylyş dabarasynda ýurdumyzyň ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyran beýik işlerini, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýetilýän belent sepgitleri wasp edýän aýdymlar aýdyldy, şeýle-de joşgunly tanslar ýerine ýetirildi. Söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini ösdürmekde uly şertleri, mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy. Söwda merkeziniň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.

Garaşsyzlyk — ba­ky bag­ta ba­dal­ga

Parasatly ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuwlary XX asyryň aýaklarynda wysal boldy. Güneşe, görke baý, gözelligi zyýada Garagumy ýurt, ýaşyl ýaşalga, mekan edinen türkmenleriň berkarar döwlet hakyndaky arzuwy amala aşdy. «Berkarar döwlet islärin», «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýip, öz milletiniň kalbyny, ýürek arzuwlaryny, köňül küýsegini asal zybany bilen beýan eden Magtymguly Pyragynyň «çoh garaşan zamany» geldi, Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazandy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan asyrlara barabar taryhy ýoly geçdi. Bedew bady bilen öňe barýan, ösýän, özgerýän, gülleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dost-doganlygyň, raýdaşlygyň mekanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň agzybir halkynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan ýeňişleriniň belent sepgitlerini bu gün bütin dünýä görýär we ykrar edýär» — diýip, uly buýsanç, guwanç bilen belläp geçýär.

Saglyk — bahasyz baýlyk

Ata Watanymyzda alnyp barylýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatda, halk, döwlet ähmiýetli işleriň her birinde adam hakyndaky alada esasy orny eýeleýär. Adam baş baýlyk we ähli ulgamlardaky ösüşiň hereketlendiriji güýjüdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan belent sepgitlere, gazanylan ägirt uly üstünliklere halkyň ruhuny galkyndyryp, döredijilikli zähmete ruhlandyryp, raýatlaryň sagdyn, ruhubelent, abadan durmuşda ýaşamagy üçin ählitaraplaýyn tagallalar edilýär. Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde we dünýä derejesine çykarmakda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Bu maksatnama raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakda esasy ýol-ýörelgeleri kesgitleýär. Ilatyň saglyk baradaky düşünjesini ýokarlandyrmak bu maksatnamanyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýar. Maksatnamanyň esasynda dünýä ylmynyň we tejribeleriniň biziň şertlerimize laýyk ornaşdyrylmagy, maddy-tehniki üpjünçiligiň kämilleşdirilmegi türkmen milli lukmançylygynyň esasy aýratynlyklarydyr.

«Çorsu» bazary — taryh bilen döwrebaplygyň utgaşan mekany

Daşkent şäheriniň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri, «Çorsu» bazarydyr. Bu bazaryň ady pars dilinden terjime edilende «dört taraply bazar» diýmegi aňladyp, ol Özbegistanyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň hem iň gadymy we iň uly söwda nokatlarynyň biridir. «Çorsu» bazary Daşkent şäheriniň Köne şäher böleginde ýerleşýär. Orta asyr ruhy bilen XXI asyryň döwrebaplygyny özünde jemleýän bu bazary häzirki zaman Daşkendiň ýüregi hasaplaýarlar. «Çorsu» bazarynyň ýene bir aýratynlygy, XVI — XVIII asyrlara degişli taryhy binagärlik toplumynyň merkezinde ýerleşýändigidir. Has takygy, bu bazar «Gögeldaş» we Hoja Ahrar medreseleriniň hem-de şäheriň iň uly metjitleriniň biri bolan Jamy metjidiniň aralygynda orun tapypdyr. Geçen asyrlaryň syýahatçylarynyň ýazgylaryndan Daşkendiň esasy bazarynda köp sanly harytlaryň, kiçi dükanlaryň, hammamlaryň, kerwensaraýlaryň, çaýhanalaryň we beýleki kärhanalaryň bardygyny öwrenmek bolýar. Eýýäm şol döwürlerde «Çorsu» şäheriň içindäki tutuş söwda şäherçesi hasaplanypdyr. Häzirki zaman «Çorsu» bazaryndaky harytlar aşakdaky ýaly bölünýärler:

Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan nobatdaky sergi guralar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda 20-21-nji sentýabrda Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi guralar. Sergä milli ykdysadyýetimiziň döwlet we hususy ulgamynyň, senagat, syýahatçylyk, sport, medeniýet, ylym hem bilim ugurlarynyň wekilleri gatnaşarlar.