"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Gowşut mugallym mamla!

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. Ýewropada Konferensiýa ligasy atly täze futbol ýaryşy badalga aldy. Ozalky Çempionlar ligasy bilen Ýewropa ligasy deňeşdirilende, olaryň ilkinjisine bolan gyzyklanma has ýokarydygy üçin Ýewropa ligasyna aýdylyşy ýaly, «göwünli-göwünsiz» gatnaşýanlaram az däldi. Esasanam, Ýewropanyň «Uly 5-lik» diýip atlandyrylýan döwletleri üçin UEFA-nyň Çempionlar ligasyndan özge ýaryş alga alynmaýar diýerlikdi.

Mekdep bazarlary açyldy

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. Täze okuw ýylynyň başlanmagyna az wagt galdy. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň her bir künjeginde mekdep bazarlary açyldy. Ata Watanymyzda jemi 410 sany mekdep bazarlary hereket edip, olardan 55-si Aşgabat şäherinde, 48-si Ahal welaýatynda, 41-si Balkan welaýatynda, 79-sy Lebap welaýatynda, 134-si Mary welaýatynda, 53-si bolsa Daşoguz welaýatynda açyldy.

Poeziýa. Ykbalyň jylawy öz eliňdedir

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. TÜRKMENISTANYM

Öz-özüniň gözleginde

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. Biri Baýezid Bistamynyň gapysyny kakýar. Baýezid:

Horhe Luis Borhesiň dilinden

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. Daş-töweregim kitapdan dolup durmasa, gözüme uky gelmeýär.

Sport žurnalistikasy

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. (Başlangyjy geçen sanlarymyzda)

Hatly bukjalarhabar berýär

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. Okyjylarymyzy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar  guramasynyň sagdyn bedenli we kämil ruhly nesli ýetişdirmek boýunça geçirýän çäreleri bilen tanyşdyrýarys.

Söýgi söýgüden döreýär

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. Garym-gatym duýgularyň içinden birini sogrup, «Şu söýgüdir-ow» diýäýmek aňsad-a däl. Duýgular bir-birinden owadan, bir-birinden täsin, bir-birinden ýakymly. Olaryň her biri her kime her hili ýaraýar. Birden-birden dagy «söýgi» diýlen aýratyn düşünje ýok, ol ýakymly, owadan duýgularyň toplumy ýaly bolup duýulýar, birdenem, oňa günleriň bir güni göwün köşgüň üçeginden patlap düşjek keramata garaşýan ýaly garaşýarsyň. Şol gelensoň dünýä başgaça bolaýýar diýýälerem welin, özüň başga birine öwrülýän bolaýmasaň, bu goja dünýäniň seniň söýgiňe duşanyň üçin üýtgejek gümany barmy nä?! Ýöne ynha, özüni şeýle özgertjek şol söýgä duşmak, ony tanap bilmek ynsan üçin nähili möhüm bolsa-da, ol pursady başymyzdan geçirmek her birimize miýesser edip baranok. Öňde-de bir akyldaryň aýdyşy ýaly, «Söýmek — bu Hakyň beren ylahy ukyby»...

Sagdyn durmuş syýasaty

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021.  Ýurdumyzda raýatlaryñ saglygyny pugtalandyrmak, olaryñ döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde rowaçlanýar. Munuñ şeýledigine soňky ýyllarda ýurdumyzyñ saglygy goraýyş, sagaldyş-şypahana, dynç alyş we sport ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriñ mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Paýtagtymyzdaky hem-de Diýarymyzyň welaýatlaryndaky ajaýyp şypahanalar, bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zerur enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap sport toplumlary bularyñ aýdyñ görkezijileridir.

Güneş nurun saçanda...

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. Güneşli Diýarymyzda tomus pasly dowam edýär. Tomus pasly dynç almak we syýahat etmek üçin gowy möwsüm hasaplanylýar. Bu paslyň şadyýan geçmegi üçin bilermenler birnäçe maslahat berýärler. Biz hem bilermenleriň geçiren tejribesi esasynda berýän maslahatlaryny siziň bilen paýlaşmagy makul gördük.

Dünýäň dardyr sagat janyň bolmasa...

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. Arassaçylyk düzgünleriniň ýönekeý kadalary berjaý edilende, birnäçe keselleriň, hususan-da, ýiti respirator keselleriň öňüni alyp bolýar. Ýurdumyzda arassaçylyk düzgünleriniň doly we dogry berjaý edilmegi, şeýlelikde, möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüniň alynmagy üçin yzygiderli alada edilýär.

Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň вütindünýä hepdeligi

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021.  Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi (World Breastfeeding Week) Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlangyjy bilen, 1-nji awgustdan 7-nji awgust aralygynda geçirilýär. Onuň döredilmegine 1990-njy ýylda BSG-niň we çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi höweslendirmäge hem-de goldamaga gönükdirilen Innoçet jarnamasynyň kabul edilmegi sebäp boldy.

Üstünligiň açary. Otuz üçünji söhbet

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. «SOŇA GOÝMAK» BOLMAÝAR.  Bilşimiz ýaly, taým-menejment wagt baradaky ylym. Bu ylymda ulanylýan ähli usullar wajypdyr we meşhurlygyny ýitirmän saklaýandyr. Bu gezek gürrüňini etjek usulymyz barada aýdanyňda, ondan daşda durmak maslahat berilýär. Bu usul «Soňa goýmak» usulydyr. Bu usul «prokrastinasiýa» diýen iňlis sözi bolup, terjime edilende «ertire, soňa goýmak» manyny berýändir.

Üstünligiň açary. Otuz ikinji söhbet

«7/24.tm», №32 (63), 09.08.2021. «ABWGD» USULY. «ABWGD» usuly taým-menejmentde ulanylanda, gündelik işleriň wajyplygyny kesgitleýär. Bu usulyň esasy güýji ýönekeýligindedir. Ilkinji gezek «ABWGD» usulyna ýazyjy we şahsy öndürijiligi ýokarlandyrmak boýunça hünärmen Braýan Treýsiniň kitabynda agzalyp geçilýär. Şeýdip, bu usul hem meşhurlyga eýe bolup başlaýar.

Guwandyrdyň görer gözüm ilimi

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021. Şahyr Geldi Bäşiýewiň aýdyma öwrülen goşgy setirlerindäki:

Merkezi Aziýa döwletlerinde sport hyzmatdaşlygy

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň neşirinde Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň sportdaky hyzmatdaşlygynyň şöhlelenmegi üçin uzak bolmadyk taryhynyň gatlaryny agtaryp gördük.

Sowal-jogap. Döwlet senasy we milli baýdaklar

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021.  Tokioda Olimpiýa oýunlarynyň dowam edýän günleri ýeňijileriň şanyna döwlet senalarynyň ýaňlanýan, milli baýdaklaryň al-asmanda parlaýan pursatlaryna häli-şindi gabat gelýäris. Bu bolsa sportuň taryhyndaky milli nyşanlar bilen bagly wakalary ýatlamaga esas berdi. Olar barada gürrüň bermegini sport bilermeni Hajymyrat Söýünowdan haýyş etdik.

Sport we ýaşlar

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021. SAGDYN NESIL  — BAGTYÝAR GELJEK

Buýsanja beslenen seslenmeler

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021.  TOKIODA TÜRKMEN TUGY PARLADY 

Şadyýan günler dowam edýär

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021. Güneşli Diýarymyzda tomus pasly dowam edýär. Tomus pasly çagalaryň uzak wagt garaşýan arzyly möwsümleriniň biridir. Çünki bu ajaýyp pasyl çagalaryň we mekdep okuwçylarynyň eý görýän, tomusky dynç alyş günleriniň dowam edýän günleridir. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň islendik künjegindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaş nesilleriň şadyýan sesleri we gülküleri belentden ýaňlanýar. Bu bolsa çagalaryň tomusky dynç alyş döwrüni gyzykly geçirýändiginden  habar berýär.