Türkmen alabaýy
«7/24. tm», № 43 (126), 24.10. 2022 Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ahalteke bedewi, türkmen el halysy, alabaý iti ýaly milli gymmatlyklarymyz türkmeniň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky düşünjelerini beýan etmek bilen, häzirki bagtyýar döwrümizde has çuň many-mazmuna eýe boldular, her bir türkmeniň buýsanjyna öwrüldiler. 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde alabaýyň saýlanmagy ýöne ýerden däldir.