Dünýä malyna deňelen
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine Her gezek şäherimiziň görnükli ýerinde ýerleşýän «Ilkinjileriň ýadygärliginiň» ýanyndan geçenimde, bir salym aýak çekenimi duýman galýaryn. Çaga wagtymyz bu ýadygärligiň ýanyna ýörite surata düşmäge baranymyzda, onuň nämä bagyşlanyp dikeldilendigine, haýsy döwürlerden habar berýändigine kän bir ünsem bermezdik. Ýöne her gezegem halkymyzda dünýä malyna deňelýän düýäniň heýkeliniň ýanynda surata düşmek, onda-da düýäni idip gelýän ilkinji nebitçileriň biri ýaly bolup, buýsançly öňe seredip surata düşmek doganlarym bilen Balkanabada gelenimizde biziň üçin adaty bir zada öwrülipdi. Munuň özi mamamyň hemişe düýäniň ýüňüni egrende ýa-da egrip taýynlan ýüplüklerinden saçymyza saçbag örüp dakanynda: «Saçbaglaryňyzy saçyňyza dakmaýan wagtyňyzam ýerde goýmaň, ol düýäniň ýüňündendir. Düýe ýüňünden taýynlanan zatlaryň: saçbagyň, bilguşagyň, saçagyň, ýorganyň, agarçäkmeniň... hiç birem aýak aşagynda goýulýan däldir. «Düýe malym — dünýä malym» diýilýändir. Şonuň üçin nirede düýe görseňizem, alnyňyza sylyň» diýen öwütleriniň kalbymyzda orun alandygynyň alamatydy...