Aýdym-saz, çagalar we saglyk
Saz, pikirleniş usullaryny ösdürýän iň oňat mugallymdyr, aýdym-saz bilen terbiýelenen beýni, özüne zerur zatlaryň hemmesinden geregini alyp bilýär, şol bir wagtda-da sagdyn ösýär. Eger-de siz çagaňyzy aýdym-saz mekdebine bermek barada pikir edýän bolsaňyz, aýdym-sazyň çagaňyzyň durmuşyna peýdasy barada bilmelisiňiz. Siziň çagaňyz matematika sapagyna has oňat ýetişer, tutanýerlilik bilen birlik-de köp peýdaly endiklere eýe bolup, dünýä has inçe nazar aýlamagy başarar. Kä wagtlar telewizorda gulaga ýakymly aýdym ýa-da saz ýaňlanaýsa çagalaryň entek juda ýaşdygyna garamazdan, şoňa goşup, sazlaşykly hereketleri edýändigine şaýat bolýarys.