Türkmenistanda «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmekde täze taslamalaryň ähmiýeti
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär. Innowasion tehnologiýalar we öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman senagat kärhanalary yzygiderli gurlup, öňki hereket edýän desgalaryň durky täzelenýär. Ekologik taýdan arassa we ykdysady taýdan bähbitli elektrik energiýasyny almak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini giňden ulanmak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini işjeň peýdalanmaga, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň uzakda ýerleşýän ilatly nokatlaryny elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmäge döwlet derejesinde üns berilýär. Bu bolsa «ýaşyl» energiýa bilen baglanyşykly we ykdysady taýdan bähbitli desgalary gurmakda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder. Ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak boýunça alnyp barylýan işler bilen bagly, ilkinji nobatda, bu pudagy ösdürmekde degişli kadalaşdyryjy kanunlardyr maksatnamalar kabul edildi. Olaryň hatarynda «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy» we «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny üstünlikli hereket edýär.