Ykdysady ösüş aýdyň geljegiň kepilidir
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, durmuş ulgamy islendik döwletiň ykdysady hem-de durmuş ösüşiniň ýagdaýyny kesgitleýän görkezijileriň biri bolup, ol, ilkinji nobatda, ähli raýatlarymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ykrar edilen adam mertebesini, azatlygyny we hukuklaryny goramakda bu ulgama möhüm orun degişlidir. Onuň ýörelgeleri hem-de guralyşy jemgyýetde ykrar edilýän gymmatlyklara baglylykda tapawutlanýar. Şoňa görä-de, türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik häsiýeti häzirki döwürde alnyp barylýan durmuş özgertmeleriniň mazmunynda hem aýdyň beýanyny tapyp, döwletlilik esaslarymyzyň mundan beýläk-de berkemegine itergi berýär.