"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletlerine mahsus ýokary derejelere çykmagyny ugur edinýän oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bazar gatnaşyklaryny yzygiderli ornaşdyrmak arkaly, ýurdumyzda döwlet kadalaşdyryş usullary hem ösdürilýär. Bu bolsa, ilata has doly durmuş goldawynyň berilmegine şert döredilýär. Türkmen döwletiniň innowasion ýörelgelere hem-de usullara daýanýan ykdysady strategiýasy ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy üçin möhüm şertleriň biri bolup durýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu gün dünýä bazarynda hem görnükli orun eýeleýän ýurda öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz ylmyň gazananlaryny, innowasiýa tehnologiýalaryny ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňden ornaşdyrmak barada yzygiderli aladalar edýär. Ykdysadyýet adamyň gündelik durmuşynyň bir bölegidir. Adamlar gündelik durmuşlarynda ykdysady adalgalary peýdalanýarlar, maddy gymmatlyklary döredýärler we sarp edýärler. Maddy nygmatlary öndürmek, paýlamak, alyş-çalyş we sarp etmek boýunça adamlaryň arasynda emele gelýän gatnaşyklar ykdysady gatnaşyklaryň ulgamyny düzýär. Bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde eýeçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmegi, olaryň üýtgedilip gurulmagy, eýeçiligiň köp görnüşliligine geçilmegi, hususyýetçiligiň ösdürilmegi ýaly meseleler örboýuna galýa

«Balkan» ýük gämisi Azerbaýjana ýük daşamak üçin ulanylar

2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ÝGPJ «Balkan» ýük gämisini Türkmenbaşy — Baku — Türkmenbaşy ugry boýunça ýük konteýnerlerini daşamak üçin ulanar. Bu barada wzglyad.az saýtynda habar berilýär. Häzirki wagta çenli Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda ýylda 400 000 konteýneri üstaşyr geçirmek üçin ähli şertleri döredildi. Şunuň bilen baglylykda, deňiz terminaly sagatda 15 konteýnere hyzmat etmäge ukyply STS görnüşli kranlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Birža söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden we Azerbaýjandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de tehniki kükürdi satyn aldylar. Şeýle-de, Dokma senagaty ministrliginiň dokma toplumlarynda öndürilen nah ýüplügi satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 941 müň 100 dollaryna deň boldy.

Azerbaýjanyň nebite dahylly däl döwlet kompaniýalarynyň önümleriniň eksporty ösýär

Azerbaýjanyň döwlet kompaniýalarynyň 2022-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda nebite dahylly däl önümleriniň eksportynyň jemi ABŞ-nyň 1 milliard 81 million dollaryna barabar boldy. Ýurduň ykdysady özgertmeleri we kommunikasiýalary seljerme merkeziniň maglumatlaryna laýyklykda, bu görkeziji 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ABŞ-nyň 123,5 million dollary ýa-da 12,9 göterim köpdür.

Döwletabatdaky sazlaşykly zähmet

Tamamlanan ýyly ýokary görkezijiler bilen jemlän kärhanalaryň biri-de «Döwletabatgazçykaryş» müdirligidir. «Türkmengaz» döwlet konserniniň iri senagat kärhanalarynyň biri hasaplanýan müdirlik Ahal welaýatynyň Sarahs etrap merkezinden 20 kilometr uzaklykda, Döwletabat gaz kondensat käniniň çäklerinde ýerleşýär. Türkmen tebigy gazynyň çykarylmagynda, gaýtadan işlenilmeginde, şeýle-de dünýä bazarlaryna iberilýän möçberiniň artdyrylmagynda oňa uly orun degişlidir. Müdirlik boýunça gazy ilkinji arassalaýjy desgalaryň 20-ä golaýy bar. Olarda gazyň düzümi suwuklyklardan saplanýar we baş desgalaryň ikisine ugradylýar. Bu ýere gelen gaz kükürtwodoroddan, turşy gazlardan arassalanyp, çyglylygy aýrylandan soňra esasy gaz geçirijilere berilýär. Gazyň düzüminden saýlanyp alynýan gaz kondensaty geçiriji arkaly Tejen — Sarahs — Maşat halkara demir ýolunyň ugrundaky kondensaty ýygnaýjy bekede, ondan aňry bolsa gaýtadan işleýän zawoda ugradylýar. Ýokary talaplara laýyklykda öndürilýän tebigy gaz we gaz kondensaty sarp edijilere bökdençsiz ýetirilýär.

Gurluşyk serişdelerine isleg uly

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawody geçen ýyly ähli ugurlar boýunça ýokary netijeler bilen jemledi. Welaýatyň senagat pudagynyň iri düzümleriniň biri bolan bu zawodda ýerli gurluşykda ulanylýan gurnama-demir beton önümleriniň hem-de harytlyk betonyň öndürilişi ep-esli ýokarlandy. Geçen ýylyň dowamynda zawodda gurluşyk serişdeleriniň 30 müň 896 kub metri öndürilip, göz öňünde tutulan meýilnama 110,3 göterim berjaý edildi. Kärhananyň ussat gurluşykçylary welaýatda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik desgalarynyň ençemesini gurup ulanmaga berdiler. Hojalygy ýöretmegiň täzeçe usullarynda işleýän zawod boýunça geçen ýyl 15 million 950 müň manatlyga golaý gurluşyk işleri ýerine ýetirildi. Işleriň göwnejaý guralmagy, zawodyň öndürýän gurluşyk serişdeleriniň giňden ulanylmagy netijesinde, bu ugurda 132,9 göterim ösüş gazanyldy.

Şanly ýyldaky şowly ädimler

Ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelýän telekeçilik işiniň ösdürilmegi milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmek bilen, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha gowulanmagyna itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary esasynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly sepgitler gazanylýar. Bu durnukly ösüşiň depginini ýokarlandyrmakda hususyýetçileriň alyp barýan işleri hem aýratyn bellärliklidir. Kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylyp, telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegi, bazar gatnaşyklarynyň barha çuňlaşdyrylmagy, içerki sarp ediş bazarynda haryt bolçulygynyň emele gelmegi, eksporta ugradylýan önümleriň mukdarynyň artmagy önüm öndürijileriň arasyndaky bäsdeşligi has-da güýçlendirýär. Bäsdeşlik bolsa, öz gezeginde, öndürilýän önümleriň möçberiniň artmagyna, bahalaryň elýeterliligini gazanmaga we harytlaryň hil taýdan kämilleşmegine, täze önümleriň önümçiliginiň ýola goýulmagyna getirýär.

Russiýada demir ýol ýük daşamalary üçin nyrhnamalar 8% ýokarlandy

Russiýanyň demir ýol infrastrukturasy arkaly ýük daşamak üçin nyrhnamalar 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 8 göterim ýokarlandyryldy. Bu barada Antimonopoliýa federal gullugynyň Russiýanyň kanuny maglumatlarynyň resmi web sahypasynda ýerleşdiren buýrugyna salgylanyp, TASS habarlar gullugy ýekşenbe güni habar berdi. Nyrhlary ýokarlandyrmak boýunça karar Russiýanyň döwlet demirýollary (RŽD) kompaniýasynyň önümçilik we jemgyýetçilik ugurlaryndaky işiniň durnuklylygyna gönükdirilendir. Nyrhnamalaryň ýokarlandyrylmagy RZD-nyň maliýe meýilnamasyny deňleşdirmäge we Holdingiň maýa goýum maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge kömek eder. Nyrhnamadan alnan serişdeleriň bir bölegi Russiýanyň gündogar bölegindäki kompaniýanyň infrastrukturasyny ösdürmek üçin sarp ediler diýip, Russiýanyň Ulag ministrligi ozal belläp geçdi.

San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň ka­nun­çy­lyk esas­la­ry

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­me­giň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ul­gam­la­ryna — ylym-bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, ulag-ara­gat­na­şyk, bank we se­na­ga­tyň aý­ry-aý­ry pu­dak­la­ryn­a prog­ram­ma-teh­ni­ki, mag­lu­mat se­riş­de­le­ri we san­ly ul­gam iş­jeň or­naş­dy­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, elekt­ron res­mi­na­ma­lar do­la­ny­şy­gy­na hem-de elekt­ron şah­sy­ýet­na­ma­lar ul­ga­my­na ge­çil­ýär, sü­ýüm­li-op­ti­ki ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry ös­dü­ril­ýär we in­ter­ne­tiň giň el­ýe­ter­li­li­gi üp­jün edil­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de san­ly ul­ga­myň ke­ma­la gel­me­gi­ni şert­len­dir­ýär. San­ly yk­dy­sa­dy­ýet yk­dy­sa­dy we dur­muş ul­ga­my bol­mak bi­len, in­ter­ne­tiň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne da­ýa­nyp, yk­dy­sa­dy nus­ga­ny eme­le ge­tir­ýär. Şun­da esa­san, zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­niň art­ma­gy, önüm­çi­lik ha­ra­jat­la­ry­nyň pe­sel­me­gi we bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gyň ýo­kar­lan­ma­gy ýa­ly müm­kin­çi­lik­ler göz öňün­de tu­tul­ýar. San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­ýän şert­le­rin­de sarp edi­ji­le­riň is­leg­le­ri ka­na­gat­lan­dy­ryl­ýar.

Birža täzelikleri

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Täze gözýetimler nazarlanylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň baýry kärhanalarynyň biri bolan Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň işgärleri täze gadam basylan 2023-nji ýylyň işlerine guramaçylykly girişýärler. Mälim bolşy ýaly, welaýatda öz ugry boýunça ýeke-täk kärhana hasaplanylýan ekspedisiýanyň gözleg-barlag toparlarynyň agzalary häzirki wagtda ýylyň dowamynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyny düzmek bilen bir hatarda, demirgazyk giňişliklerinde, Garagum sährasynda we welaýatyň obadyr şäherlerinde ekologiýa hadysalaryny, ýerasty suwlaryň hereketini hem-de tebigat bilen baglanyşykly geoekologik ýagdaýlary öwrenmek maksadynda burawlaýyş, ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar.

2022-nji ýylyň 11 aýynda Türkmenistan-Hytaý ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $10,12 milliarddan geçdi

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy geçen ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 10,12 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 53,2 göterim ýokarlandy. Bu barada Hytaý gümrük gullugynyň çap eden maglumatlarynda habar berilýär. Diňe geçen ýylyň noýabr aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 1,15 milliard ABŞ dollaryna ýakynlady.

Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça täze ýyldan fider gatnawlary ýola goýlar

“Deňiz söwda floty” ÝGPJ 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap fider gatnawlaryny ösdürmek üçin Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça “Balkan” gämisiniň konteýner gatnawlaryny ýola goýar. Halkara fider gatnawlary yzygiderli gämi konteýner ugurlarynda umumy ýükleri netijeli daşamaklyga mümkinçilik berýär. Fider gatnawlar ulgamyny ýola goýmaklygyň esasy maksady gämi duralgalarynda garaşmaklyk möhletini aýyrmak we gysga möhletiň dowamynda ýükleri daşamaga mümkinçilik bermek bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Deňiz söwda flotynyň resmi sahypasynda çarşenbe güni habar berildi.

Birža söwdalary

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 16-sy ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Ow­ga­nys­tan­dan we Azerbaýjandan ge­len te­le­ke­çi­ler «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len girdo usulda arassalanan dizel ýangyjyny we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de, Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dok­ma top­lum­la­ryn­da ön­dü­ri­len nah ýüp­lü­gi sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 19 mil­li­on 904 müň 662 dol­la­ry­na deň bol­dy.

Dünýäniň söwda dolanyşygy

Dünýädäki söwda dolanyşygynyň ösüş taryhy Söwda — halkara gatnaşyklarynda örän möhüm ugur. Aslynda, söwdany halkara gatnaşyklarynyň düýbüni tutujy şertleriň biri diýsek hem hakykatdan daş düşmesek gerek. Çünki, irki döwürlerde halklaryň we döwletleriň arasyndaky gatnaşyk, hat habar gatnawy söwda kerwenleriniň we söwdagärleriň üsti bilen amala aşyrylypdyr. Döwür-döwranyň üýtgäp, adam aňynyň barha kämil açyşlara ýetmegi netijesinde bolsa, halkara söwda has giň gerime eýe bolýar. Mysal hökmünde aýtsak, XIX asyryň başyndan 1914-nji ýyla çenli dünýä söwdasynyň mukdary, takmynan, ýüz esse ýokarlanýar. Geçen asyrda-da dünýäniň söwda dolanyşygy uly depginde artmagyny dowam etdi. Has takygy, 1950-2000-nji ýyllarda dünýä söwdasy 20 esse, önümçilik bolsa 6 esse ösdi.

Arkadag şäheri — häzirki zaman binagärliginiň kämil derejesi

Bu şäheriň gurluşygyna ýaşlar işjeň gatnaşýarlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň döredijilik we gurujylyk kuwwaty barha pugtalanýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyçlary, şähergurluşyk taglymaty üstünlikli dowam etdirilýär. Biz munuň şeýledigini hormatly Arkadagymyzyň irginsiz tagallalary bilen amala aşyrylýan giň gerimli «akylly» şäher taslamasynyň — Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň gurluşyklarynyň mysalynda-da aýdyň görýäris.

Ösüşler bilen täze ýyla

Mälim bolşy ýaly, 16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine girizilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri boýunça berlen hasabatlardan görnüşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanyldy. Munuň özi ata Watanymyzyň taryhyna ebedi möhürlenjek «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda ýetilen sepgitleriň näderejede ýokarydygynyň, kuwwatly senagat döwletine öwrülen döwletimiziň hem-de zähmetsöýer halkymyzyň ösüşler we belent maksatlar bilen täze — 2023-nji ýyla gadam basýandygynyň güwäsidir. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak babatda giň gerimli maksatnamalaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Muňa üstümizdäki 2022-nji ýylda halk hojalygynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikler, gurlup, ulanmaga berlen durmuş we önümçilik maksatly desgalardyr binalar aýdyň şaýatlyk edýär. Şu ýylyň on bir aýynyň jemleri bolsa, sözümiziň doly subutnamasydyr.

Milli ykdysadyýetimiz ösüşiň kämil nusgasy

Arkadagly eýýamymyzda döwletimiziň milli ykdysadyýeti dünýä ykdysadyýetiniň bir bölegine öwrüldi. Türkmen telekeçilerini höweslendirmek, senagat kärhanalaryna, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan maksatlary bolup durýar. Muňa mysal hökmünde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilendigini bellemek has-da buýsançlydyr. Şundan görnüşi ýaly, geljek 30 ýylda ýurdumyzyň ilatynyň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, makroykdysady ýagdaýlaryň durnuklylygynyň gazanylmagy, şeýle-de döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek üçin ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegi, telekeçiligiň döwlet tarapyndan giňden goldanylmagy göz öňünde tutulýar. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan özboluşly ösüş ýoluny saýlap almak bilen, ykdysady taýdan ösmegiň türkmen nusgasyny döretdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi orta we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli we döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar.

Asylly maksatlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda möhüm ähmiýetli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli pudaklarda gazanylýan oňyn netijeler eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Ýer ýüzünde ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň biri hökmünde tanalýan ýurdumyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem bu ugurda guwandyryjy netijeler gazanyldy. Muňa ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde garalan şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Mejlisde bellenilişi ýaly, on bir aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2  göterim derejesinde durnukly saklanylýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleri öndürmegiň möçberi 11 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 35,7 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 119,9  göterim, çykdajy bölegi bolsa, 98,1  göterim ýerine ýetirildi. Ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4  göterim ýokarlandy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlary

Belent sepgitlere beslenen günler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen şan-şöhrata, ajaýyp wakalara beslenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly tamamlanyp barýar. Şu pursatda onuň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyza, hakymyza getiren üstünlikleri, bagtyýarlygy her bir adamyň göz öňünde janlanýar. Çünki bu ýyl ata Watanymyzyň ykdysadyýetde, medeniýetde we beýleki ugurlarda gazanan ösüşleri bilen öňe tarap batly gadam urýandygyny aýdyň subut etdi. Ajaýyp ýylda ýurdumyzda, şol sanda, biziň welaýatymyzda Oba milli maksatnamasyna hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda amala aşyrylan möhüm işler, gazanylan üstünlikler az däl. Ýylyň dowamynda welaýatymyzyň dürli ýerlerinde gurlan medeni-durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanlysynyň uly dabaralar bilen ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.