Watanymyzyň rowaçlygyna gönükdirilen giň gerimli işler
9-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleri sebitlerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekin meýdanlaryndaky oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, bugdaýa edilýän ideg işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek işleri agrotehniki talaplara laýyklykda alnyp barylýar, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalardyr gurallar abatlanylýar.