Himiýa pudagyndaky üstünlikler
Himiýa senagaty ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllary içinde bu senagat pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, ýerli çig mal serişdelerini senagat taýdan gaýtadan işlemekde we olardan dünýä bazarlarynda ýokary islege eýe bolan önümleri öndürmekde giň mümkinçilikler döredildi. Munuň özi öndürilýän ýokary hilli himiýa önümleriniň durnukly artýan möçberlerini üpjün edýär. Geçen ýylyň jemleri boýunça welaýatymyzyň himiýaçylary tarapyndan öndürilen önümleriň anyk görkezijileri muny aýdyň görkezýär. Şol döwürde ýoduň 763 tonna golaýy öndürilip, 102,3 göterim zähmet üstünligi gazanyldy. Bu gymmatly çig malyň 254 tonnadan gowragynyň döwlete degişli bolmadyk ulgam tarapyndan öndürilendigini bellemek gerek. Geçen ýylda tehniki uglerod öndürmekde hem 102,3 göterim ösüş gazanylyp, bu himiýa önüminiň 875 tonna golaýy çykaryldy. Öndürilen natriý sulfatynyň umumy möçberi bolsa 1010 tonna barabar boldy hem-de ösüşiň depgini 100,2 göterim ýokarlandy. Mineral dökünler babatda zähmet görkezijisi 1 million 38 müň tonna golaýlap, ösüşiň depgini 104,9 göterime deň boldy.