Dialog — halkara hyzmatdaşlygyň mizemez binýady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasy-hukuk özgertmeleri, durmuşa geçirýän ösüş strategiýasy dünýewi, demokratik döwlet hökmünde Türkmenistana ynamy we gyzyklanmany halkara derejede ýokarlandyrdy. Ýurdumyzyň halkara derejede amala aşyrýan giň gerimli taslamalary, maksatnamalary, durmuşa ornaşdyrýan beýik işleri BMG-niň maksatlary bilen bir bitewüligi emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy taglymaty diňe bir Türkmenistanyň milli bähbitlerini däl, eýsem, dünýäniň öňdebaryjy pikirlerini, meýillerini hem öz içine almak bilen, ählumumy ösüşe hyzmat edýär. Häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmek, olar babatda sebit we global derejedäki hyzmatdaşlyga işjeň we netijeli gatnaşmak Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň garamagyna yzygiderli hödürleýän täze teklipleriniň we başlangyçlarynyň esasyny emele getirýär. Şeýle ýörelgelere esaslanan daşary syýasy maksatlar döwletimiziň milli bähbitlerini goramaga, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, içerki milli-ykdysady ösüşi, abadançylygy üpjün etmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri emele getirmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Milletimiziň ähli edim-gylymyna, aň-paýhasyn