Şowhunly dabara
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda dilleri okatmagy kämilleşdirmekde talyplaryň başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, «Arkadagly Serdarymyz bilen öňe barýar bagtyýar nesil» atly şowhunly çäre geçirildi. Döwletimiziň ajaýyp ösüşleri hakyndaky aýdymyň ýaňlanmagy bilen başlanan çärede talyplar gyzykly şertleriň birnäçesi boýunça bäsleşdiler. Şolaryň hatarynda üç dilde krossword çözmek has-da gyzykly geçdi. Dünýä dillerini iri sport baýramçylyklary bilen baglaýan aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Sportuň görnüşleri boýunça sorag-jogap alşyldy. Olaryň dürli dillerde bolmagy institutda bilim alýan ýaşlaryň birnäçe dili suwara bilýändiklerini görkezdi.