Watan goragy — mukaddes borç
Ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, Lebap ilinde-de Watan goragçylarynyň güni mynasybetli toý-dabaralar uludan tutulýar. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Watan goragy — mukaddes borç» diýen at bilen işläp başlan wagtlaýyn sergi hem şu şanly senä bagyşlandy. Düýn bu medeniýet ojagynda wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy boldy. Oňa welaýat häkimliginiň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, serkerdeler, esgerler, muzeý işgärleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler merdana Watan goragçylarynyň halkymyzyň asudalygyny, parahat durmuşyny berk we eserdeň goraýandyklaryny buýsanç bilen nygtadylar. Şonuň ýaly-da çärede çykyş eden harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri özlerine Watana ak ýürekden gulluk etmek üçin ähli oňaýly ýaşaýyş we iş şertlerini döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Olar geljekde-de Watanymyzyň asudalygyny, halkymyzyň parahat durmuşyny berk goramak, düzgün-tertibiň berjaý edilmegini üpjün etmek ugrunda ähli tagallalaryny, gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.