Watan goragçylaryny buýsandyrdy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz — hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän buýsançly özgertmeleriň netijesinde mähriban halkymyzyň polat galkany bolan milli goşunymyzyň goranyş kuwwaty, maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, harby gullukçylaryň hünär ussatlygy, bilim derejesi kämilleşdirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 31 ýyllyk baýramçylygy hem-de Watan goragçylarynyň güni şatlyk-şowhunly dabaralara beslendi hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylarynyň hataryndan Watana ak ýürekden gulluk edip, milli goşunymyzyň goranyş ukybyny berkitmekde şahsy goşandyny goşandyklary üçin olaryň köp sanlysyna nobatdaky harby atlar dakyldy we hünär derejeleri berildi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginiň asmana atyjy raketa goşunlarynyň tabynlygyndaky maýor Soltanmyrat Soltanowyň serkerdelik edýän harby bölüminden kapitanlar Sähet Gurbansähedow bilen Baýramgül Allakulyýewa dagy hem baýramçylyk sowgadyndan paýly bolup, Watanymyzyň asudalygyny, döwletimiziň berkararlygynyň has-da pugtalanmagy, ony beýgeltmek ugrunda jan aýaman çeken zähmetleri üçin nobatdaky «maýor» harby adyna mynasyp bolmaklary harby gullukçylary begendirdi we täze üstünlikleri gazan