"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Hyrydarly hem lezzetli harytlar

Dekabryň soňky günleri ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini seljerip, belent maksatlar, ýagşy arzuw-umytlar bilen Täze ýyla taýýarlyk görülýän döwür. Dost-ýarlara, dogan-garyndaşlara myhmançylyga baryp, birek-biregi gutlamak, sowgat bermek baýramçylygyň ýatdan çykmajak duýgulara beslenmegine ýardam berýär. Ýurdumyzyň söwda edaralary, önümçilik kärhanalarydyr hususy telekeçileri hem ildeşlerimiziň Täze ýyl şatlygyny artdyrmaga goşant goşmak üçin yhlas bilen zähmet çekýärler. Baýramçylygyň öňüsyrasynda bazarlarda, söwda merkezlerinde, dükanlarda azyk we beýleki harytlaryň bolçulygynyň üpjün edilmegi gözüňi dokundyrýar. Täze ýyl mynasybetli amatly bahalardan alyjylara hödürlenilýän harytlaryň arasynda milli önümlerimiziň agdyklyk etmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleriň hem-de adamlaryň bagtyýar durmuşy hakyndaky aladanyň görkezijisidir. «Hasar», «Täze Aý», «Altyn Ýunus», «Oguzhan», «Mekan», «Bars» ýaly hususy kärhanalaryňdyr hojalyk jemgyýetleriniň, şeýle hem beýleki telekeçileriň konditer önümleriniň ýüzlerçe görnüşleri we olardan taýýarlanylan sowgatlar baýramçylyk bazarlarynyň iň geçginli harytlarynyň hataryndadyr.

«Alp» haryt nyşanly dokma önümleri we egin-eşikler

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Hojageldi Annagurbanowyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda ýerleşýän önümçilik kärhanasynda dokma önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Kärhananyň Ýaponiýa döwletiniň enjamlary bilen üpjün edilmegi bu ýerde her aýda dokma önümleriniň müňlerçesini öndürmäge mümkinçilik berýär. 2017-nji ýylda işe girizilen kärhanada häzirki wagtda 60-dan gowrak işgär zähmet çekýär. Kärhanada önümçilik üçin ýerli we daşary ýurt çig maly ulanylýar. Bu ýerde öndürilýän dokma önümleri her möwsümde, pasla görä, dürli ýaşdaky adamlara niýetlenendir. Olaryň arasynda erkek adamlar we çagalar üçin niýetlenen başgaplar, köýnek, sport egin-eşikleri, dürli kärler üçin ýörite niýetlenen eşikler, zenanlar üçin torbalar bar. Bulardan başga-da, häzirki wagtda gyş paslynyň dowam edýän günlerinde kärhanada erkek adamlar, zenanlar, çagalar üçin niýetlenen possun, keltekçe, ýeňsiz ýaly gyşky egin-eşikleriň önümçiligi hem üstünlikli ýola goýuldy. Önümler «Alp» haryt nyşany bilen paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň söwda nokatlarynda elýeterli bahalardan müşderilere hödürlenýär. Kärhanada erkek adamlar üçin niýetlenen deriden aýakgaplaryň dürli görnüşleri hem öndürilip başlandy. Geljekde kärhana zenanlar we çagalar üçin hem aýakgaplary öndürmegi, dokma önümlerini öndürmek üçin gerek bolan ýüplüg

«Täç hil» HK hoşboý ysly zibil paketlerini öndürip başlady

Ýakynda «Täç hil» HK ýurdumyzda ilkinji bolup zibil salmak üçin niýetlenilen polietilen paketleriň ýüpli görnüşiniň önümçiligine başlady. Üstesine-de zibiliň ysyny ýok etmek maksady bilen, polietilen gaplara limonyň, narpyzyň hoşboý ysyny goşdular. Polietilen paketleriniň önümçiligi müşderiniň buýurmalary esasynda islendik reňkde, galyňlykda, ölçeglerde alnyp barylýar. Şeýle-de zähmet ýolunda ilkinji bolmagy maksat edinen «Täç hil» hususy kärhanasy polietilen torbalara surat çap edýän Türkiýe Respublikasynyň iň täze tehnologiýasyny ornaşdyrdy. Onuň esasynda kärhanada öndürilýän polietilen torbalara islendik suraty, ýazgyny dury, arassa görnüşde çap edip bolýar. Hatda täze ornaşdyrylan enjam has kiçi suratdyr hatlary has aýdyň çap etmäge ukyply. Bu bolsa kärhanada öndürilýän önümleriň müşderileriň arasynda has işjeň ulanylmagyna ýardam berýär. Ýeri gelende aýtsak, «Täç hil» hususy kärhanasy polietilen gaplaryň önümçiligine 2009-njy ýylda başlady. Bu günki günde içerki bazarda bu ugurda liderligini saklaýan kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 2400 tonna barabardyr. Häzirki wagtda bu ýerde marketlere, dükanlara, senagat, iýmit, azyk önümlerine niýetlenilen, şeýle-de restoran, kafe, toý hyzmatlary üçin ýöriteleşdirilen tutawaçly we tutawaçsyz polietilen torbalar öndürilýär.

«Ak-Gaýa» — Türkmenistanda gurluşyk önümleriniň öňdebaryjy öndürijisi

30 ýyla golaý wagt bäri Balkan welaýatynda gurluşyk pudagyna degişli dürli önümleri öndürýän «Ak-Gaýa» 1994-nji ýylda hususy kärhana hökmünde bellige alynýar. 2015-nji ýylda öz önümçiligine başlamak kararyna gelen, gurluşyk önümleriniň söwdasyny ýerine ýetirýän «Ak-Gaýa» hususy kärhanasy hojalyk jemgyýetine öwrülýär. Kem-kemden önümçilik çygryny giňeldip başlan hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat zolagyndaky dükanlaryny we ammarlaryny artdyryp, gurluşyk materiallarynyň, şeýle-de öý harytlarynyň söwdasyny ýola goýýar. Netijede 2018-nji ýylda «Ak-Gaýa» HJ özüniň «Ak-Alçi» söwda nyşanly harytlary bilen müşderileri özüne çekip başlaýar. Häzirki wagtda kärhana gurluşyk garyndylarynyň, gips kartonynyň, şeýle hem gipsden asma potoloklaryň we profilleriň önümçiligini ýola goýdy. Onuň «Siva» haryt nyşanly kerpiç, beton, arassalanmadyk beton, gazbeton ýaly materiallaryň ýüzüne gönüden-göni ulanylyp bolýan ýörite formulaly, ulanyşa taýýar suwag garyndysy, «Saten» haryt nyşanly ýokary derejede ýapyşma aýratynlygyna eýe bolan, ähli boýaglaryň aşagyndan ulanylýan soňky gat suwag garyndysy, «Kartonpiyer» haryt nyşanly dürli şekilleri ýasamak hem-de olary düzetmek üçin ulanylýan gurluşyk gips garyndysy bazarlarda geçginli harytlaryň hatarynda.

Telekeçilige — giň ýol!

Ýeňşe beslenýän menziller Uly üstünliklere beslenip, taryhy wakalary bilen şöhratlanýan Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly tamamlanyp barýar. Şanly ýylymyzyň şu ýeňişli menzilleriniň rowaçlanmagyna türkmen telekeçileriniň, şol sanda welaýatymyzyň telekeçileriniň saldamly goşantlaryny ýatlamak guwanç duýgusyny döredýär. Sebäbi, telekeçilerimiziň ýadawsyz aladalary bilen harytlaryň we önümleriň bolçulugynyň döredilmeginde gowy netijeler gazanylýar. Şeýle hem hususyýetçiligiň ösdürilmegi täze iş orunlarynyň döredilmegine-de kuwwatly itergi berýär.

«Dalbar» nyşanly tagamlar

Ildeşlerimiziň baýramçylyk saçagynyň dürli görnüşli azyk önümleri bilen bezelmegine welaýatymyzyň çäginde iş alyp barýan hususy pudagyň wekilleri hem saldamly goşandyny goşýarlar. Datlydan tagamly çörek we konditer önümlerini öndürip, ak bazarlardyr söwda nokatlarynyň üsti bilen ilata ýetirýän telekeçileriň biri-de Merdan Çüriýewdir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan ady agzalan telekeçiniň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki önümçilik kärhanasynyň işi barha ilerleýär. 2020-nji ýylda döredilen bu kärhanada ilkibaşda «Dalbar» haryt nyşanly önümleriň birnäçe görnüşi öndürilen bolsa, häzirki wagtda olaryň sany has-da artdy. Işi üç çalşykda ýola goýlan kärhanada bu gün buhankanyň, gatlama we ýagly çöregiň, pişmäniň, kökedir tortuň datlydan tagamly görnüşleri öndürilýär.

Durmuş zerurlygynyň berk binýady

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurduň oba hojalygyny we onuň bilen baglanyşykly pudaklary ösdürmegiň esasy ugurlary bellenilýär. Bu döwürde ilatyň azyk önümlerine hem-de senagatyň çig mala bolan islegini ýerli önümçilikleriň hasabyna üpjün etmek, maldarçylyk önümleriniň bazarynda importy ýerli önümçilikleriň hasabyna çalyşmak, şeýle-de ýer we beýleki tebigy serişdeleriň önüm berijiligini ýokarlandyrmak döwletimiziň agrar syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Şonuň üçin maksatnamada oba hojalyk toplumynda halkara ülňülerine laýyk gelýän we ilaty azyk bilen doly üpjün edýän ýokary hilli, bäsleşige ukyply, ekologiýa taýdan arassa önümleri döretmek meýilleşdirilýär. Döwlet tarapyndan berilýän uly goldawlaryň hem-de ekilýän ýerleriň howa we toprak şertlerine gabat gelýän ýokary hilli bugdaý tohumlaryny saýlap ekmek, ekine öz wagtynda ýerli we mineral dökünleri bermek, daýhanlar bilen oba hojalykçy alymlaryň arasynda gatnaşyklary sazlaşykly ýola goýup, ylmyň we tejribäniň gazananlaryny utgaşdyryp ulanmak, oba hojalygyna häzirki zaman tehnologiýalaryny we dünýäniň iň oňat tejribelerini ornaşdyrmak daýhanlara bugdaýdan bol hasyl almaga şert dör

Hemişe gözlegde bolmak — biziň baş ýörelgämiz

Türkmenistanda awtomobil ýaglarynyň önümçiligi ýola goýuldy Hemişe täzeçillikleriň gözleginde bolmak, innowasion işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly ýokary hilli önümleri öndürmek türkmen telekeçileriniň esasy ýörelgeleridir. Şonuň üçinem ýurdumyzda importyň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen milli haryt nyşanly önümleri öndürýän hususyýetçileriň hatary artýar. 2013-nji ýylda esaslandyrylan «Geljege miras» hususy kärhanasy hem döredijilikli gözlegleriň netijesinde yzygiderli kämilleşýän kärhanalaryň biridir.

Milli önümler we dünýä standartlary

Türkmen haryt öndürijileriniň eksport kuwwatyny artdyrmak, milli önümlerimiziň daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsdeşlige ukyplylygyny, hiliniň we gaplarynyň ýokary derejede taýýarlanmagyny üpjün etmek ugrunda ýurdumyzda birnäçe ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Sergilerde ýa-da söwda merkezlerinde milli önümlerimizi görenimizde, olaryň dolanyşygynda Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasynyň hem goşandynyň bardygyny görmek örän ýakymly. Onuň alyp barýan işleri barada ildeşlerimizi habarly etmek maksady bilen, habarçymyz bu guramanyň Çyzykly belgi hyzmatlary jemgyýetçilik birleşiginiň kärhanasynyň direktory Baýramguly Amanow bilen söhbetdeş boldy. — Söhbetdeşligimiziň başyny guramaňyzyň işe başlan döwürlerinden başlaýsaňyz.

Ilatyň saçagynda «Her gün» täze önümler

Önümçiligini Saýat etrabynyň Awçy geňeşliginde alyp barýan «Her gün» haryt nyşanly hususy önümçilik öz önümleri bilen juda meşhurdyr. Bu hususy kärhanada şu günler watandaşlarymyzyň Täze ýyl saçaklary üçin her gün süýt önümleriniň uly toplumy öndürilýär. Bu hususy kärhananyň özünde hem iri şahly mallary idetmek işi üstünlikli ýola goýlupdyr. Şeýle hem «Her günüň» wekilleri şahsy hojalyklardan hem süýt ýygnap, bir gije-gündizde 2,5 tonna çenli süýdi gaýtadan işläp bilýärler. Şeýlelikde, bişirilip gaplanylan süýt, gaýmak, goýaldylan gaýmak, gatyk, dorog, peýnir ýaly ýokary hilli önümleriň görnüşleri öndürilýär we halkymyza ýetirilýär. Önüm öndürmek üçin gerek bolan çig mal telekeçiniň özünde bar bolan iri şahly mallarynyň, şeýle-de şahsy hojalyklardan satyn alynýan sygyr süýdüniň hasabyna üpjün edilýär.

Telekeçilik işiniň netijeliligini bahalandyrmak

Telekeçilik çözgütlerini — mümkin bolan ähli görnüşleriň iň gowusyny saýlap almagy amatlylaşdyrmak hadysasyny amala aşyrmak arkaly ylmy taýdan esaslandyrylan görkezijileri ulanmak has möhümdir. Görkeziji umumy görnüşde — alamat bolup, onuň esasynda haýsydyr bir zady bahalandyrmak, kesgitlemek ýa-da synplaşdyrmak geçirilýär. Has dar manysynda görkeziji diňe bir alamat däl-de, eýsem, görnüşiň bahalandyrylmagy we saýlanyp amala aşyrylýan görkezijidir.

«Doganlar ýyldyzy»: Täze ýyla täze şokoladlar

Täze ýyl saçagy diýilse, ilkinji nobatda, süýjülik torty, dürli, owadan gaplara gaplanan süýjülikler göz öňüňe gelýär. Asyl, Täze ýyl baýramçylygy — süýjüligiň baýramy diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Sebäbi bu baýramçylygy süýji-kökelersiz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Täze ýyl saçagyny ýazanymyzda-da, ilki süýji önümleri äberýäris. Ýakyn adamlarymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlajak bolanymyzda-da, bezemen gaplarda satylýan süýjülikleri sowgat berýäris. Sowgatlyk üçin süýji önümlerini saýlanymyzda, «Doganlar ýyldyzy» hususy kärhanasynyň «Ak ýürek», «Janym», «Altyn dag» haryt nyşanly şokoladlary diňe bir datly tagamy bilen däl, eýsem, özüniň atlary bilen hem ýüregiňden çykýan süýji sözleri, arzuw-dilegleriňi ýakyn adamlaryňa ýetirmek üçin ýörite öndürilen ýaly. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Çary Sähedow tarapyndan 2018-nji ýylda esaslandyrylan «Doganlar ýyldyzy» hususy kärhanasy her ýyl Täze ýyl baýramçylygynda halkymyzyň agzyny täze süýji önümleri bilen süýjütmegi özüne adat edinipdir. Kärhanada ýokarda agzalanlardan başga-da, «Merw», «Bal top», «Alyber», «Babella» haryt nyşanly assorti şokoladlar, gaplanan, içi huruşly we huruşsyz süýjüler alyjylara hödürlenilýär. Ýakynda «Türkmenistan» assorti hem-de plitka şokoladlaryny, şeýle hem «Altyn Dag» wanilla hem-de pyrtykal tagamly şokoladlaryny satuwa çykardy. Çagalar üçin ýör

Täze ýyla taýýarlyk

Täze ýyl hemmeleriň, aýratyn-da, çagalaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan baýramçylygydyr. Çagalar üçin bu baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursatlara beslenmeginiň iň esasy sebäpleriniň biri-de Täze ýyl sowgatlarydyr. Aýazbabanyň goşhaltasyndaky sowgatlaryň köp böleginiň milli önümlerden ybarat bolmagy türkmen telekeçileriniň üstünlikli iş alyp barýandyklaryna şaýatlyk edýär. Bizem baýramçylyk saçaklarynyň bezegi bolan konditer önümleriniň öndürilişi hem-de Täze ýyl sowgatlarynyň taýýarlanylyşy bilen tanyşmak üçin «Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň Änew şäherindäki konditer önümçiligi boýunça kärhanasynda bolduk. Hormatly Prezidentimiziň telekeçiligi goldamak ugrunda edýän tagallalarynyň netijesinde türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň hili ýokarlanyp, görnüşleri köpelýär. Ýurdumyzyň hususyýetçileri bazarlarymyzda önüm bolçulygyny üpjün etmäge, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge uly goşant goşýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň IV gurultaýy

Aşgabat, 15-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdaky IV gurultaýy geçirildi. Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gatnaşyjylary bir ýere jemlän gurultaýyň dowamynda geçen döwürde alnyp barlan işlere seljerme berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe TSTP-niň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi, birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Gurultaýyň işine gatnaşmaga ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň IV gurultaýy

15-nji dekabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdaky IV gurultaýy geçirildi. Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gatnaşyjylary bir ýere jemlän gurultaýyň dowamynda geçen döwürde alnyp barlan işlere seljerme berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe TSTP-niň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi, birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Gurultaýyň işine gatnaşmaga ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň IV gurultaýy

Aşgabat, 15-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdaky IV gurultaýy geçirildi. Paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gatnaşyjylary bir ýere jemlän gurultaýyň dowamynda geçen döwürde alnyp barlan işlere seljerme berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe TSTP-niň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi, birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Gurultaýyň işine gatnaşmaga ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy.

Telekeçilik işiniň kanunçylygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan halkara giňişliginde jemgyýetiň maddy hem ruhy zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagy üçin giň mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde tanalýar. Ykdysadyýetiň kadaly hereket etmeginiň döwletiň kuwwatynyň iň esasy hem zerur şerti bolup durýandygy nukdaýnazaryndan, 2016-njy ýylda Esasy Kanunymyza jemgyýetiň ykdysady esaslaryny düzgünleşdirýän täze bölümiň girizilmegi möhüm ähmiýete eýe boldy. Sebäbi ýurduň ykdysady taýdan ösüş aýratynlygyny açyp görkezýän bazar ykdysadyýeti, hususy eýeçilik, zähmet, pul we beýleki düşünjeler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünleşdirýän esasy obýektleri hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 12-nji maddasynda eýeçiligiň eldegrilmesizligi, döwletiň eýeçiligiň ähli görnüşiniň deň goragyny kepillendirýändigi we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýändigi bellenilýär. Esasy Kanunymyzyň 47-nji maddasynda bolsa her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugynyň bardygy aýdylýar. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmegiň kämil hukuk binýadynyň emele getirilmegi döwrüň derwaýys meseleleriniň biridir. Şondan ugur alnyp, konstitusion ýörelgelere laýyklykda kabul edilen «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda»

Ýurdumyzyň altyn gaznasy

Hormatly Prezidentimiz telekeçilere goldaw bermek, kiçi we orta işewürligiň netijeli işlemegi üçin zerur şertleri döretmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, eksportyň möçberini artdyrmak hem-de daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ýaly ugurlary ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşinde möhüm wezipeleriň hatarynda goýdy. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigi barada şeýle belleýär: «Döwletimiziň telekeçilere berýän degerli kömegi ykdysadyýetiň hususy böleginde öndürilýän önümleriň görkezijileriniň san we hil taýdan ösmegine, olaryň görnüşleriniň artmagyna getirýär. Geljekde uly ösüşleri gazanmaga mümkinçiligi bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň hatarlarynyň sany gitdigiçe artar». Kiçi we orta kärhanalar, adatça, öz işlerini ýerli islegiñ möçberinden we gurluşyndan, ýerli bazaryñ zerurlyklaryndan we mümkinçiliklerinden ugur alyp amala aşyrýarlar. Kiçi we orta telekeçilige ykdysady ösüşe we durmuş taýdan kämilleşmäge ýardam edýän bazar ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde garalýar. Şeýle hem, bu «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň maksatlary bolup durýar.

Işewürleriň eksport paýy artýar

Berkarar döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň gerimi barha giňelýär. Eksport ugurly önümleriň möçberiniň artmagynda lebaply telekeçileriň hem paýy uludyr. Içerki bazary zerur bolan önümler we harytlar bilen üpjün edip ugran lebaply telekeçileriň täze bazarlary gözläp başlamaklary olaryň iş tejribeleriniň has artýandygyny, öz işlerinde barha kämilleşýändiklerini aýdyň görkezýär. Welaýatymyzyň telekeçileri şu ýylyň geçen on bir aýynda önümleriň 33 million 643 müň 260 manatlyga golaý eksporta iberdiler. Munuň özi ABŞ-nyň 9 million 612 müň 359 dollaryna barabardyr. Bu görkeziji milli ykdysadyýetimiziň eksport ugrunyň ösmegine lebaply hususyýetçileriň goşýan goşandynyň saldamlydygyny aýdyň görkezýär. Ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň işini höweslendirmäge möhüm ähmiýet berilmegi netijesinde welaýatymyzyň işewürleriniň dünýä bazaryndaky orny barha giňelýär. «Altyn saraý», «Döwrebap çözgüt», «Altyn bürgüt», «Mizemez gadam» ýaly hususy kärhanalar ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artmagyna uly goşant goşýarlar. «Mizemez gadam» hususy kärhanasy şu ýylyň başyndan bäri ABŞ-nyň 3 million dollarlyk möçberdäki senagat harytlaryny eksporta iberdi. «Altyn saraý» hojalyk jemgyýeti tarapyndan önümleriň 392 müň 995 dollarlygy eksporta ýollanyldy. Häzirki wagtda welaýatymyzda öz önümlerini eksporta iberýän hususy kärhanalaryň sany 16-a ýetdi. Hormatly Prezidentim

«Her gün» üstünlikden üstünlige

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda günsaýyn pajarlap ösýän eziz Diýarymyzda ähli pudaklar bilen bir hatarda telekeçilik işiniň rowaçlanmagyna gönükdirilen döwlet syýasaty oňyn netije berýär. Gysga döwürde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek babatda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilip, döwletimiziň azyk garaşsyzlygynyň pugtalanmagynda, öz ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bolçulygynyň döredilmeginde işewür telekeçilerimiz tarapyndan tutumly işler alnyp barylýar. Ak bazarlarymyzda azyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegine welaýatymyzyň telekeçileri-de mynasyp goşant goşýarlar. Sebitiň işewür telekeçileri ilatyň ösen isleglerini nazara almak bilen, ýylyň-ýylyna azyk önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýýarlar. Saýat etrabynyň Awçy geňeşligindäki «Her gün» haryt nyşanly hususy önümçilikde taýýarlanylýan önümler hem ýokary hil derejesi bilen ilat arasynda uly islegden peýdalanýar.