"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Döredijilik ruhuna beslenen we Watanyna çäksiz buýsanjy bolan halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde agzybirlikde Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygyny giňden dabaralandyrdy. Asylly däbe görä, şu gün esasy baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Döredijilik ruhuna beslenen we Watanyna çäksiz buýsanjy bolan halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde agzybirlikde Halkara Bitaraplyk gününi we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygyny giňden dabaralandyrdy. Asylly däbe görä, şu gün esasy baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ählumumy parahatçylygyň we döredijiligiň bähbidine

Watanymyzyň Bitaraplygyna bagyşlanan baýramçylyk dabarasy Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk gününe we BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany kabul etmeginiň 27 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti boldy.

Bereket etrabynda täze şäherçe — Galkynyş

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk toýunyň bellenilýän günlerinde, ýagny geçen anna güni Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde, Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň gaýrasynda gurlan Galkynyş atly täze, döwrebap şäherçäniň dabaraly ýagdaýda açylyşy boldy. Şanly baýramçylygyň bosagasynda Bereket etrabynyň çäginde 300 hojalyga niýetlenen şäherçäniň açylyşy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň taryhy wakalarynyň biri boldy.

Döwletli ojaklaryň ýylysy

Baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk baýramçylygynyň toý dabaralary Lebap welaýatynda şatlykly wakalara, unudylmajak bagtly pursatlara beslendi. Şanly baýramyň uludan toýlanýan günleri, ýagny 10-njy dekabrda Türkmenabat şäheriniň agzybir maşgalalarynyň uly topary täze jaýdan öý alyp, toý tutmak bagtyna eýe boldular. Jaý toýlary bilen baglanyşykly dabaraly çäreler Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan uly ýoluň ugrunda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde her biri 32 maşgala niýetlenen, 4 gatly jaýlaryň 40-sy ulanylmaga berildi. Ähli amatlyklary bolan döwrebap jaýlara jemi 1280 maşgala göçüp geldi. Esasan, 2-3 otagdan ybarat täze jaýlarda ýaşaýjylar üçin ähli şertler döredilipdir. Öýleriň giň aşhanasy, myhmanlara niýetlenen ýörite jaýy we çagalar otagy zerur durmuş hajatlary bilen üpjün edilipdir. Baýramçylyk gününde täze jaýdan öýli bolan bagtyýar maşgalalar toý sowgadyny peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşly sözlerini aýtdylar. Umumy meýdany 96 gektara barabar bolan täze ýaşaýyş jaý toplumynda ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr.

Baýramçylyk dabaralary

Düýn — 12-nji dekabrda türkmenistanlylar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny kabul etmeginiň 27 ýyllygyny uludan baýram etdi. Şol gün Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda halkymyzyň belent binýatlaýyn ýörelgeleriniň — parahatçylyk söýüjiligiň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň dabaralanmagynyň nyşanyna öwrülen Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.

Abadançylygymyzyň binýady

Türkmen halkynyň at-abraýyny halkara derejede belende göteren hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ata-babalarymyzyň parahatçylyga, demokratik kadalara esaslanýan ynsanperwer ýörelgeleriniň asyrlardan-asyrlara ýol salan dowamatydyr. Hemişelik Bitaraplyk pähimdar pederlerimiziň berkarar döwletde ýaşamak ýaly gadymyýetden gözbaş alýan milli däp-dessurlarynyň we ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamy bolup, taryhda şöhratly sahypany açdy. Türkmenistan gysga wagtyň içinde halkara giňişliginde özüni özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde tanatdy. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletimiz sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty alyp barmak bilen, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, halkara gatnaşyklarynda mynasyp orny eýeleýär.

Bitaraplyk — bagtymyz

Türkmen halky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 27 ýyllyk toýuny uludan toýlady. Bitaraplyk — türkmen halky üçin buýsanç bulagynyň gözbaşy, bagtyň çür başy hasaplanýar. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk — bu türkmen halkynyň goşa ganaty. Şol goşa ganaty birleşdirip, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Arkadagly Serdarymyzyň aladalary bimöçberdir. Hemişelik Bitaraplyk barada gürrüň açylanda, türkmen döwletiniň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arasyndaky özboluşly köpri göz öňüňde janlanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk, howpsuzlyk, dostluk, hoşniýetli gatnaşyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, halkara derejesinde uly abraýa eýe boldy. Ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ýokary depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy.

Dialog medeniýeti işjeň ilerledilýär

11-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy mynasybetli «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň BMG-niň düzümleri bilen bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahata abraýly halkara we sebitara guramalaryň, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgärler, halkara bilermenler çagyryldy. Ýokary derejede geçirilen umumy mejlisiň başynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň foruma gatnaşyjylara iberen gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Soňra foruma gatnaşyjylara söz berildi. Çykyşlarda we halkara guramalaryň, BMG-niň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň maslahata iberen wideoýüzlenmelerinde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli hem-de köptaraply häsiýete eýedigi nygtaldy. Şeýle hem Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtap, daşary ýurtlaryň wekilleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylary onlaýn we beýleki görnüşlerde çykyş etdiler.

Bitaraplyk — hoşniýetliligiň şuglasy

Parahatçylyk söýüjilik, doganlyk halklara, olaryň medeniýetine, däp-dessurlaryna hormat bilen garamak türkmen Bitaraplygynyň binýatlyk ölçegleriniň biri bolup, bu ýörelgeler daşary syýasatymyzda we diplomatiýamyzda hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Häzirki döwürde Bitaraplygyň türkmen nusgasy dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýedir hem-de ol BMG-niň maksatnamalaryna gabat gelýändigi, sebitde halkara ylalaşdyryjylyk tagallalaryny berkidýändigi bilen tapawutlanýar. Ýurdumyz özüniň hoşniýetli, oňyn daşary syýasatynyň ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edýär. Türkmenistan bu günki gün dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolup, özüniň Esasy Kanunynda berkidilen halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny nusgalyk derejede goldaýar. Merdana ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip, ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasaty doly ýola goýuldy. Bu syýasatyň many-mazmuny türkmen ynsanperwerligine, dostanalygyna eýerilip, yzygiderli baýlaşdyrylýar.

Watanymyzyň halkara abraýy pugtalanýar

Mälim bolşy ýaly, 9-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habaryň gelip gowşandygy aýdyldy. Türkmenistan döwletimiz halkara giňişlikde dünýä döwletleri bilen bir hatarda, iri halkara guramalar bilen hem dürli ugurlar babatda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Işjeň, netijeli hyzmatdaşlygyň netijesinde, bu resminama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen 20-nji Kararnamadyr. Munuň özi Watanymyzyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygyny alamatlandyrýar. Çünki Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyna daýanýan, daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän binýatlyk ýörelgelerden ugur alyp, milli, sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň we howpsuzlygyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna ýardam berip gelýär. Sebäbi sözüň doly manysyndaky durnukly ösüşe diňe dünýä halklarynyň parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün edilen ýagdaýynda eýe bolmak mümkin.

Älem-jahan — mähir mukamy

Düýn — 12-nji dekabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygy mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Oňa ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Ata Watan Bitarap

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň strategik hyzmatdaşy hasaplanylýan döwletleriň biri-de Türkiýe Respublikasydyr. Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar iki doganlyk halkyň umumy taryhy kökleriniň birligine hem-de Türkmen döwletiniň ynsanperwerligini, parahatçylyk söýüjiligini dünýä ýüzüne äşgär edýän oňyn Bitaraplygyna daýanýar. Hemişelik Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän berkarar döwletiň halkara abraýy, dünýä bileleşiginiň durmuşynda tutýan orny has-da ýokarlanýar. Ata Watanymyzyň halkara giňişliginde mynasyp orny eýeläp, dünýä ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýaş nesilleriň baýramçylyk joşguny

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli dabaralar welaýatymyzyň çar künjüni gurşap aldy. Golaýda şeýle çäreleriň biri welaýat kitaphanasynda welaýat çagalar kitaphanasynyň hem-de Daşoguz şäherindäki 9-njy orta mekdebiň bilelikde guramagynda «Bitaraplyk — bagtyýarlyk bahary» ady bilen geçirildi. Oňa kitaphana işgärleri we mugallymlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Onda welaýat çagalar kitaphanasynyň direktory Aýna Taganowa, 9-njy orta mekdebiň müdiri Alma Hojaýewa, mekdebiň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Şahadat Seidnazarowa, kitaphana işgärleri Annagül Pollyýewa, Jahan Hudaýbergenowa, Sapargül Saparowa dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, bu belent derejämiziň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäki orny barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Toýly jaý bolsun!

Golaýda  Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky geňeşliginiň çäginde 4 gatly, 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 6-synyň açylyş dabarasy boldy. Bu bagtyýar maşgalalara hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllyk toýy mynasybetli Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ajaýyp toý sowgady boldy. «Joşgun bina» hususy kärhanasy tarapyndan gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap ýaşaýyş jaýlary 288 hojalyga niýetlenendir. Raýatlarymyzyň rahat ýaşamaklary üçin içinde ähli mümkinçilikleri döredilen jaýlaryň giň we ýagty otaglarynda dürli döwrebap mebeller ýerleşdirilipdir. Aýdym-sazly çykyşlar jaý toýlaryny toýlaýan raýatlarymyza we oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. «Joşgun bina» hususy kärhanasynyň gurluşykçy inženerlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Dilleri senaly ýaşulularymyz we dabara gatnaşýan myhmanlar bagtyýar maşgalalaryň jaýlaryna aýlanyp, toý toýlaýan agzybir maşgalalaryň jaý toýlaryna gatnaşdylar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda durmuşa geçirýän işleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözler aýdyldy.

Goşa şatlyga beslendi

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň ýaşaýjylary üçin «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Ýakynda olar 300 hojalyga niýetlenilip gurlan täze döwrebap «Galkynyş» şäherçesiniň açylyş dabarasyna ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdy. Halkara Bitaraplyk gününiň – ata Watanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygynyň öň ýanyndaky günlerde bolup geçen bu taryhy waka tutuş Günbatar sebitiň ýaşaýjylarynyň Arkadagly Serdarymyza, berkarar Diýarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.  Şäherçäniň  gurluşygyny Balkan welaýat häkimliginiň, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň buýurmalary esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň baş potratçy bolmagynda üstünlikli amala aşyryldy. Giň howlulardaky ýaşaýyş jaýlary, şäherçede bina edilen 200 orunlyk medeniýet öýi, 320 orunlyk mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, iki sany dükan, 300 orunlyk metjit, Geňeşligiň edara binasy, saglyk öýi, aragatnaşyk ulgamynyň binasy, ýangyn howpsuzlygy bölüminiň edarasy, çagalar üçin oýun meýdançasy, seýilgäh toplumy we gaýry desgalar bilen täsin bir sazlaşygy emele getirdi.

Abadançylygyň we parahatçylygyň dabaralanmagy

Şu gün agzybir türkmen halky Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Halkara Bitaraplyk gününi uludan baýram etdi. Bu şanly sene mynasybetli Diýarymyzyň ähli ýerinde baýramçylyk çäreleridir aýdym-sazly dabaralar geçirildi. Welaýatymyzyň ýaşaýjylary-da naýbaşy baýramlarymyzyň biri bolan Bitaraplyk gününi uly ruhubelentlik we agzybirlik bilen garşyladylar. Baýramçylyk çäreleri Türkmenabat şäherindäki Baş Baýdak meýdançasynda guralan dabaradan badalga aldy. Ir ertirden dabaralar meýdançasyna etrap-şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, welaýatymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri, edara-kärhanalaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet-sungat ussatlary we talyp ýaşlar ýygnandylar.

Parahatçylygy dünýä ýaýýan ajaýyp baýramçylyk

Welaýatymyzda Halkara Bitaraplyk güni ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi

Barha rowaçlyklara beslenýär Bitaraplyk ýolumyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan Watanymyz Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde durnuklylygyň oňyn ýagdaýyny emele getirmek bilen sebitde möhüm orny eýeleýär. Düşünişmek, ylalaşmak, parahat, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine wepalylyk bu häsiýetleriň ählisi türkmene asyrlarboýy mahsus bolan häsiýetler. Buýsandyrýan ýeri, milletimiziň zandyna ornan şol häsiýetler häzirki wagtda-da dowam etdirilýär. Onda-da diňe öz halkymyzyň bähbitlerini nazara alman, eýsem, dünýä halklarynyň hem parahatçylygyny gazanmagy esas edinýär. Bu günki gün bolsa şol milli häsiýetlerimiz türkmen Bitaraplygynyň mysalynda aýdyň şuglalanýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen ýurdumyzyň ynsanperwerlige esaslanýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy barha rowaçlyklara beslenýär. Çünki Türkmenistan BMG tarapyndan dünýäde resmi taýdan iki gezek ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet hökmünde öz üstüne alan umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarly bolmak, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulyşmazlyk, sebit we dünýä möçberinde dostluk, parahatçylyk söýüjilikli hem-de özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek ýaly borçnamalaryna

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!