Sport hem-de dil öwrenmek
Sport bilen yzygiderli meşgullanmak daşary ýurt dilini ýeňil hem çalt öwrenmäge ýardam edýär. Bu ilkinji nobatda jogapkärçilik duýgusy bilen baglanyşyklydyr. Okuwda hem, sportda hem mugallymlardyr tälimçiler bizi diňe gerekli ugra gönükdirýärler. Emma islendik işde-de kämillige ýetmek diňe özümize baglydyr. Türgenleşikler bilen meşgullanylanda olaryň dessin netije bermeýändigine we köp yhlas etmelidigine göz ýetirip, yzygiderli meşgullanmagy endik edinýäris. Dil öwrenmekde-de oňyn netije gazanmak üçin şeýle endik zerur. Sagdyn bolmak üçin gündelik bary-ýogy 20 minut töweregi türgenleşmek ýeterlik bolsa, daşary ýurt dilini öwrenmek üçinem şonçarak wagt gerek. Esasy zat – üznüksizlik.