"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Sebitleriň abraýly sport ýaryşlary

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Ys­lam Raý­daş­ly­gy

Sport žurnalistlerine

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Gö­zege­lüw­li­lik

Aziýanyň iri ýaryşlary

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 «Da­kar» ral­li

Sport – bagtly geljegiň güwäsi

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Bi­ze mek­dep­de ýur­du­myz­da sport­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler, tä­ze­lik­ler ba­ra­da düz­me ýaz­mak tab­şy­ryl­dy. Me­niň pa­ýy­ma Gah­ry­man Arkadagymy­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry bi­len paý­tag­ty­myz­da gur­lan «Olim­pi­ýa» şä­her­ji­gi ba­ra­da ýaz­mak dü­şüp­di.

Täze ýyly sport bilen garşylaň!

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Tä­ze ýyl ― tä­ze baş­lan­gyç. Tä­ze ýy­lyň dynç alyş möw­sü­mi şat­lyk-şow­hun bilen maş­ga­laň, dost­la­ryň arasynda wagtyňy hoş ge­çir­mek üçin iň oňat müm­kin­çi­likdir.

Olimpiýa oýunlarynyň taryhy

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Il­kin­ji olim­pi­ýa oýun­la­ry ga­dy­my Gre­si­ýa­nyň çä­gin­de to­mus pas­lyn­da ge­çi­ri­lip baş­la­nyp­dyr. Şol dö­wür­de bu oýun­la­ryň yl­ga­mak, uzak­ly­ga bök­mek, gö­reş, da­şy uzak­ly­ga zyň­mak, boks, ata tir­ke­len iki ti­gir­li ara­ba­la­ry sür­mek ýa­ly gör­nüş­le­ri bo­lup­dyr.

Ildeşimiziň üstünligi

Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» futbol toparynyň derwezeçisi ildeşimiz Rahat Japarow 2022-nji ýyldaky möwsümiň «Iň gowy derwezeçisi» diýlip yglan edildi. Bu barada liganyň metbugat gullugy habar berýär. Geçen ýylyň futbol möwsüminiň iň gowy wekillerini saýlamak üçin toparlaryň tälimçileriniň, kapitanlarynyň, gözegçileriň, sport žurnalistleriniň we sport jemgyýetçiliginiň beýleki käbir wekilleriniň gatnaşmagynda ses berlişik geçirildi. Ses berenler geçen möwsümiň iň gowy derwezeçisi hökmünde türkmenistanly derwezeçini saýladylar.

Rejepbaý Rejepow: – Hormat münberinde özüňi görmeli

 «7/24. tm», № 01 (136), 02.01.2022       Re­jep­baý Re­je­po­wyň 2022-nji ýyl­da Ko­lum­bi­ýa­nyň Bo­go­ta şä­he­rin­de ge­çi­ri­len agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tyn­da 81 ki­log­ram ag­ram­da çy­kyş edip, itek­läp gö­ter­mek­de 202 ki­log­ram, sil­ter­läp gö­ter­mek­de 164 ki­log­ram, umu­my­lyk­da 366 ki­log­ram ag­ra­my gal­dyr­mak bi­len, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny be­lent bas­gan­çak­la­ra çy­kar­ma­gy äh­li il­deş­le­ri­mi­zi buý­san­dyr­dy. Tür­gen türk­men spor­tu­nyň dün­ýä re­kord­la­ry­na go­laý­laş­ýan­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­di. Diý­mek, ýe­ňiş­ler en­tek do­wam­ly.

Ýeňişler beýgeldýär Watan şöhratyn

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de ber­ka­rar döw­le­ti­miz barha ös­ýär, öz­ger­ýär, ýur­du­my­zyň äh­li ugur­la­ryn­da uly üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Bu gün sport ul­ga­myn­da ýe­til­ýän sep­git­ler hem aý­ra­tyn gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan gö­zel Di­ýa­ry­myz­da olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň, ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­tuň we bu ugur­da­ky hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi, şeý­le-de döw­re­bap sport dü­zü­mi­niň we spor­tuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň dö­re­dil­me­gi ul­ga­myň tä­ze be­lent­lik­le­re çyk­ma­gy­ny şert­len­dir­di. Di­ýa­ry­myz­da dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän sport des­ga­la­ry­nyň, şol san­da sta­dion­la­ryň, se­bit­de de­ňi-­ta­ýy bol­ma­dyk Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň, at­çy­lyk sport top­lum­la­ry­nyň, ýö­ri­te­leş­di­ri­len sport mek­dep­le­ri­niň gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi türk­men spor­tu­nyň şöh­ra­ty­ny art­dyr­jak tür­gen­le­riň tä­ze nes­li­niň ke­ma­la gel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Mu­nuň özi ýaş­la­ry­my­zyň spor­tuň hö­wes ed­ýän gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­la­nyp, bar­ha tap­lan­ma­gy­na we dür­li de­re­je­dä­ki sport ýa­ryş­la­ry­na gat­naş­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­dy. Şeý­le aja­ýyp müm­kin­çi­lik­ler­den ne­ti­je­li peý­da­lan­ýan tür­gen­le­ri­mi­ziň bu gün ga­zan­ýan sport üs­tün­lik­le­ri bel­le­nil­mä­ge my­na­sy

Senenamanyň 13-nji aýy

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Ita­lýan bank­la­ry­nyň bi­ri Os­man­ly döw­le­ti bi­len bag­ly aýt­gy­ny ula­nyp, «Bi­ziň ofis­le­ri­miz­de hiç ha­çan Gün bat­ma­ýar» di­ýen jüm­lä­ni şy­gar edi­nip­dir. Ka­tar­da ta­mam­la­nan fut­bol bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty hem jan­kö­ýer­le­riň aňyn­da tä­ze dü­şün­je bi­len orun al­dy. Se­bä­bi bir aý­lap, jan­kö­ýer­ler sö­züň gö­ni hem göç­me ma­ny­syn­da Gün ba­ta­ny­ny we Gün do­ga­ny­ny duý­ma­dy­lar.

Mundialy näme üçin söýýäris?

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 «Bidert ýarymy» (aýdym) diňlemedik türkmen ýok bolsa gerek:

Welosiped

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Gü­nüň her bir mi­nu­dy al­ty­na ba­ra­bar. Ýi­tir­seň, gaý­dyp ta­pyp bo­la­nok. Şo­nuň üçin ony tyg­şyt­ly ulan­ma­ly. Şon­da utuş se­niň ta­ra­pyň­da bol­ýar. Go­wu­sy, bu ba­bat­da ba­şym­dan ge­çi­ren­le­ri­mi gür­rüň be­re­ýin.

Küşt. Türkmenistanyň çempionaty

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Paý­tag­ty­myz­da­ky Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de er­kek­le­riň we ze­nan­la­ryň ara­syn­da küş­di çalt (ra­pid) hem-de ça­la­syn (blits) oý­na­mak bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­ty ge­çi­ril­di.

Tennis sporty ösüş ýolunda

«Türkmenistan Sport», № 4 (16), 2022 Türk­me­nis­tan­da ten­ni­si ös­dür­mek ba­bat­da yzy­gi­der­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Spor­tuň bu gör­nü­şi bü­tin dün­ýä­de giň­den ýaý­ran­dyr.

Bedenterbiýe we sport

Ýa­kyn­da 2011-2012-nji ýyl­lar­da dog­lan tür­gen­le­riň ara­syn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň 5-nji sport mek­de­biniň grek-rim gö­re­şi bo­ýun­ça açyk bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di. Paý­tag­ty­myz­da­ky 79-njy or­ta mek­de­pde ýaý­baň­lan­dy­ry­lan bu ýa­ryş­a Da­şo­guz, Ahal, Bal­kan, Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň hem-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň sport mek­dep­le­rin­den 100-den gow­rak tür­gen gat­naş­dy. 5-nji sport mek­de­bi­niň tä­lim­çi­le­ri A.Gel­di­ýe­wiň, M.Sol­ta­no­wyň şägirtleri 11 ag­ram de­re­je­sinde çy­kyş edip, baý­rak­ly orun­la­ry eýe­le­me­gi ba­şar­dy­lar. Olar­dan S.Şi­row (22 kg), A.Ko­rog­ly­ýew (23 kg), B.A­ta­ýew (25 kg), G.Gur­ban­mu­ham­me­dow (26 kg), I.Kö­şe­kow (29 kg), D.An­na­my­ra­dow (32 kg), A. Be­gi­mow (35 kg), A.Ýu­su­pow (42 kg), K.Na­za­row (50+kg) da­gy­nyň ady­ny ag­za­mak bo­lar. To­par­la­ýyn gör­nüş­de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 5-nji sport mek­de­bi 1-nji or­ny eýe­le­di. Ýa­ryş­da ýe­ňiş ga­za­nan tür­gen­le­re mek­de­biň taý­ýar­lan me­del­la­ry hem-de Hor­mat hat­la­ry gow­şu­ryl­dy. Ata­jan ÖWEZ­NE­PE­SOW,

Türkmenistanyň çempionaty

ýurdumyzyň iň güýçli basketbol toparlaryny saýlady Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 4-nji sport mekdebinde 2006-njy ýylda doglan hem-de şondan kiçi ýaşly ýetginjekleriň gatnaşmagynda basketbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Turuwbaşdan çekeleşikli geçen ýaryşa paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň toparlary gatnaşdylar. Dartgynly duşuşyklar oglanlaryň hem-de gyzlaryň toparlarynyň arasynda ýurdumyzyň çempionlaryny kesgitledi.

Uniwersiadanyň futbol ýaryşy

«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Uniwersiadanyň çekeleşikli bäsleşikleri Täze ýyl baýramynyň bosagasyndaky günleriň şowhunyny goşalandyrýar. Bu ýaryşyň çägindäki futbol bäsleşigi hem ajaýyp sport baýramçylygyny emele getirdi. Uniwersiadanyň futbol ýaryşynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň toparlarynyň 16-sy ýeňiş ugrunda göreşdiler. Ýaryş toparçalardaky duşuşyklardan başlandy. «A» hem-de «B» toparçalarda dowam eden göreş ýaryşyň ýarymfinalçylaryny aýdyňlaşdyrdy. Şeýlelikde, «A» toparçadan Türkmen döwlet maliýe institutynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň toparlary ýarymfinalda çykyş etmäge hukuk gazandy. «B» toparçadan ýarymfinala çykan toparlaryň biri Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bolsa, beýlekisi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň ýygyndysy boldy.

Ösüşlerimiziň şuglasy

Gysga wagtda, ýokary hil derejesinde bina edilen Arkadag şäheri milli binagärligimiziň ýeten derejesiniň, ykdysadyýetimiziň ösüşiniň görkezijisidir. «Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda, ylmyň iň soňky gazananlary, iň kämil enjamlardyr ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap binalary, ýüzlerçe ýaşaýyş jaýlaryny öz içine alýan döwrebap şäheriň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi «asyryň gurluşygy» hökmünde taryha girer. Şeýle ajaýyp şähere bu taryhy taslamanyň binýadyny goýan Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylmagy bolsa tüýs ýerine düşen çözgüt bolup, agzybir, merdana halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Pälwanlar – göreş düşekçesinde

Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde erkin göreş boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryş agram derejeleriniň birnäçesi boýunça ýurdumyzyň iň güýçli türgenlerini jemledi. Ýaryşa Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň hem-de ýurdumyzyň olimpiýa ätiýaçlygyny taýýarlaýan mekdepleriniň ýygyndy toparlary gatnaşdy. Umumy hasap boýunça Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebi birinji orny eýeledi. Mekdebiň ýygyndysyny ýaryşa ussat tälimçi Berdi Atabaýew taýýarlady. Birinjilikde onuň şägirtlerinden 48 kg-de ýaryşan Allanur Aganyýazow kümüş medal gazansa, Myratgeldi Gulmämmedow bürünç medala eýe boldy. 55 kg-de Dinyslam Döwletmyradow hem-de Yhlas Guwanjow üçünji ýeri eýelese, 60 kg-de Watan Annaorazow, 65 kg-de Alp Arslan Begenjow altyn medal gazandylar. 65 kg-de Arslan Mämişow ikinji, Bekjan Ruslanow üçünji boldy. 71 kg-de Ýunusmuhammet Hallyýew çempion bolsa, Şahan Alymowyň netijesi ikinji orun bilen bellenildi. 80 kg-de Döwletgeldi Myradow, 110 kg-de bolsa Şageldi Nuryýew ýeňşe ýetdi. Şeýlelikde, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň türgenleri toparlaýyn ýeňşi hem elden bermediler.

Ýerine düşen yhlas

Ýetişdiren şägirtleriniň üstünliklerine guwanmak her bir tälimçi üçin uly bagtdyr. Şeýle arzyly käriň eýesi hökmünde ussatlyga ýetip, milli sportumyzyň abraýyny goraýan ýaşlary ýetişdirýän halypa tälimçileriň biri-de Nurgeldi Hallaňowdyr. Nurgeldi Hallaňow 1967-nji ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bamy obasynda dünýä inýär. Ol ýaşlykdan türkmen milli göreşi boýunça ýurt derejesinde geçirilen ýaryşlarda ençeme gezek baýrakly orunlary eýelemegi başarýar. Il arasynda Myrat Hallaň ady bilen tanalan pälwanyň türkmen milli göreşine bolan höwesi ýaşlykdan başlaýar. Ol çagalyk döwründe obalarynda bolýan toýlarda göreş tutýan pälwanlary uly höwes bilen synlap, olaryň ýerine ýetirýän emellerini yzygiderli gaýtalap, ýaşlykdan göreş bilen gyzyklanyp başlaýar. Deň-duş oglanlaryndan erjelligi we güýji bilen tapawutlanan Nurgeldi obalarynda tutulýan toýlarda göreş tutmaga höwesek bolupdyr. Şeýdip, ol ilki Bamy obasynda, soňabaka bolsa goňşy obalarda tutulýan toýlarda özüni görkezip, abraýly pälwanlaryň hataryna goşulyp başlaýar.