Futbolyň şasy Pele aradan çykdy
Futbolyň şasy, dünýä futbolynyň ägirdi, köplere görä ähli döwürleriň iň gowy futbolçysy braziliýaly Pele 82 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol 29-njy noýabrda onkologik keseli sebäpli hassahana düşüpdi. Pele laýyk bir aýdan soň, ýagny 29-njy dekabrda aradan çykdy we ýurtda 3 gün ýas yglan edildi. 3-nji ýanwarda onuň çykyş eden kluby, San Paulu şäheriniň meşhur topary «Santosyň » stadionyna getirilen Pele bilen hoşlaşmaga 240 müňe golaý adam gatnaşdy. Peläniň soňky hoşlaşyk çäresine gatnaşanlaryň arasynda belli şahsyýetler, ýurduň Prezidenti, beýleki ýokary wezipeli adamlar, ozalky futbolçylar, käbir syýasy wekiller hem bolup, olar futbolyň şasy bilen hoşlaşdylar. Futbolyň şasy, Dünýä Kubogyny 3 gezek eýelän ýeke- täk futbolçy bolan Pele belli bir bölegi «Santos » stadionyna tarap bakýan 14 gatly «Memorial Necropole Ecumenica » mazarlygynyň ilkinji gatynda jaýlandy. 1940-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Braziliýanyň Minas- Žeraýs ştatynyň Tres- Korasoýns şäherinde dünýä inen Pele 15 ýaşynda «Santos » klubunda professional futbola başlaýar. 1 ýyldan soň, milli ýygyndyda- da oýnap başlan Pele 17 ýaşyndaka Dünýä Kubogyny eýeleýär. Doly ady Edson Arantis du Nasimentu bolan Pele 1956-njy ýyldan 1974-nji ýyla çenli «Santos » toparynyň köýnekçesini geýýär. Ol bu toparda ähli ýaryşlary hasaba alanyňda, 656 oýun geçirip, şolarda 643 goly öz adyna ýazdyrýar. Pele 1975-nji ýylda «Nýu Ýork Kosmos