Harby gullukçylar bäsleşdiler
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçylarynyň arasynda geçirilen sport ýaryşlary gyzykly hem çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, şeýle hem «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» harby gullukçylaryň arasynda bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çärelerini giňden ýaýbaňlandyrmak maksady bilen guralan ýaryşlarda harby gullukçylarymyz stoluň üstünde oýnalýan tennis, el göreşi we küşt boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Gyzykly geçen ýaryşlaryň netijesi boýunça ýeňiji bolanlara dabaraly ýagdaýda baýraklar gowşuryldy.