«Ýüpek ýolunyň» ýyldyzlary «Dakar» marafonynda
«7/24. tm», № 03 (138), 16.01.2023 2009-njy ýylda geçirilen «Ýüpek ýoly» halkara awtorallisiniň jemleýji bölegi Aşgabat şäherinde geçirilip, türkmen paýtagtynda ýeňijiler hormat münberine çykypdylar. Saud Arabystanynda tamamlanan «Dakar 2023» marafonynda hem türkmen janköýerleriniň söýgüsini gazanan ussat sürüjileriň ençemesi çykyş etdi. Munuň özi türkmenistanly sport muşdaklarynyň «Dakar» ýaryşyna bolan gyzyklanmasyny artdyrdy.