Milli göreş – halkymyzyň buýsanjy
Bu gün Watanymyzda gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýan milli däpleriň we dessurlaryň täzeden dikeldilmegine, türkmen halkynyň medeni mirasynyň dabaralanmagyna, milli sport görnüşleriniň ähmiýetine uly üns berilýär. Türkmen milli göreşi hem halkymyzyň milli mirasynyň bir bölegidir. Şol sebäpden hem, biz şu ýazgymyzda toýlarymyzyň bezegi bolan türkmen milli göreşiniň ähmiýetinden söz açmagy makul bildik. Türkmen milli göreşi bilen meşgullanýan pälwanlar alyş, kuraş, guşakly göreş, şeýle-de başa-baş tutluşyklaryň beýleki görnüşleri boýunça tutluşmaga-da ökde hasaplanýar. Aslynda bu göreş ynsanyň saglygyny, gözelligini, kanagatlylygyny, güýjüni, eserdeňligini, ünslüligini we maksadaokgunlylygyny ösdürýär.