«7/24. tm», № 12 (147), 20.03.2023.
Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, tokaý zolaklaryny döretmek, seýilgähleriň çäklerini giňeltmek hem-de bar bolan baglara degişli derejede ideg etmek wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu bolsa güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ynsan saglygy üçin ýakymly howa gurşawynyň döredilmegine ýardam edýär.