«7/24. tm», № 05 (140), 30.01.2023
Esger ýigitleriň gulluk alyp barýan ýerine — dagyň çür depesine gyzlaryň çykyp bilmejegini aýdyp, ulagly gitmegi teklip etdiler. Biz kärdeş gyz bilen pyýada synanyşjakdygymyzy aýtdyk. Ilkibada bildirmese-de, bize gitdigiçe kyn düşüp başlady. Emma «Ine, görde duruberiň. Ýarty biline-de ýetmän, yzlaryna dolanarlar. Bu daga çykmak oglanlara-da aňsat düşenog-a» diýşip galanlary ýanymyza düşüp, özümize zor salyp, ýoly dowam etdik. Biz mähriban Watanymyz üçin ýigitleriň duran ýerinde durup biljekdigimizi subut etmek isläpdik. Biz muny başardyk.