«7/24. tm», № 04 (139), 23.01.2023
Belli bir wagt aralygynda çeken zähmetiň miwesini görmek duýgusy az-kem bolsa-da tolgundyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde okuw ýylynyň birinji ýarymýyllygynyň jemleri boýunça hasap-synag möwsümi dowam edýär. Bu döwür talyplaryň ählisini synag babatdaky aladalar, tolgunmalar gurşap alýar. Bu hepdede mugallymlaryň hem, talyplaryň hem dilinde esasy köp gaýtalanýan söz – synag.