«7/24. tm», № 04 (139), 23.01.2023
Arkadagly Serdarly ýurdumyzyň gülläp ösmeginde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Her ýylyň şygarynyň yglan edilmegi ýaly ajaýyp däbe eýerilip, 2023-nji ýylyň şygarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi il-ýurt bähbitli beýik işlere, özgertmelere giň ýol açýar.